DÜNÝÄNIŇ BELENT YKRARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Bu belent ösüşler eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň, halkymyza bolan uly söýgüsiniň miweleri. Eziz Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar hem juda buýsandyryjydyr. Biz bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýäde meşhurlyk gazanýandygyna tüýs ýürekden buýsanýarys.

Şan-şöhraty artyp, at-owazasy barha dabaralanýan ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň uly manysy bar. Çünki bu ýyl abraýly halkara guramalarynyň biri bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Rezolýusiýany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Türkmenistanyň daşary  syýasatynyň esasy hökmünde hemişelik derejesi dünýäniň ähli ýurtlary dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly halkara gurşawynyň döredilmegine ýardam berdi we içerki syýasy durnuklylygy şertlendirdi. Gapma-garşylyksyz ösüşiň we umumy milli bitewüligiň, parahat we abadan durmuşda ýaşamagyň şertleri döredildi. Bu bolsa, bagtyýar durmuşda ýaşaýan adamlaryň aňyýetini ösdürdi.

Ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiz we halkymyz üçin nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin, geçen 25 ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň möçberine hem-de gerimine nazar aýlamak ýeterlikdir.

Şu döwürde ýüzlerçe zawod-fabrikler, lukmançylyk we bilim edaralary, ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem täze elektrik stansiýalary, demirýollar, howa menzilleri, iri köprüler we gaz geçirijileri gurlup, ulanmaga berildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitarap ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän orny has berkedi diýip, ynamly aýdyp bolar. Çünki 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Rezolýusiýany ikinji gezek kabul etmegi, şeýle-de,  bu abraýly halkara gurama tarapyndan Türkmenistanyň teklibi esasynda  her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni», 2021-nji bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünlikleriniň üstüni ýe tirdi. Bu wakalar türkmen gudratynyň, ýagny Bitaraplygymyzyň abraýly, jogapkärli we haýran ediji netijesidir, öz boluşly miwesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” atly kitabynda şeýle jümleler bar: “Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ülňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr”.

Harby bileleşiklere goşulmazlyk Bitaraplygyň möhüm ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, bu dereje parahatçylygy goldamakda hem-de Ýer ýüzünde ýygy-ýygydan peýda bolýan harby gapma-garşylyklaryň öňüni almakda has uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň hem-de ylalaşykly çözgütleri gözlemegiň esasynda howpsuzlygy üpjün etmegiň hatyrasyna saýlanyp alnan syýasy ýoldur. Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, şükür bagşynyň urşa, gandöküşlige ýol bermezlik üçin gaýry ýurda öz göwün beren sungaty dutar saz guraly bilen gitmegi türkmen töwellaçylygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň aýdyň mysalydyr. Islendik ýagdaýda pähim-parasatly, oýlanyşykly çemeleşmek diňe ruhunda ynsanperwerlik, ylalaşdyryjylyk, geçirimlilik, asudalyk bar bolan halka, millete mahsusdyr.

Türkmen nusgawy edebiýatyndan, halk döredijiliginden, halkyň dürler hazynasyndan mysallaryň ýene ýüzlerçesini getirse bolardy. Emma bir zat aýdyňdyr: Türkmenistanyň Bitaraplygy türkmen halkynyň milli häsiýetine kybap gelýän mahmal syýasatdyr.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilik açdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna ýardam etdi. Bitarap hem ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň 25 ýylda bitiren hyzmatlary onuň abraýyna abraý, derejesine dereje goşdy.

Şu günler halkymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny — Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmaga taýýarlyk görýär. Bu şanly sene agzy bir hem-de zähmetkeş halkymyza ruhy taýdan belent goldaw bolmak bilen bir hatarda, ýüreklerde buýsanç duýgularyny döredýär, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň töweregine berk jebisleşen halkymyz halal zähmetiň hözirini görüp döredýär, gurýar, täze üstünliklere sary gadam urýar.

Sapargül Kuliýewa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary”

26.11.2020 ý

tags: