Dünýä nusgalyk döwletli tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary eziz Watanymyzy dünýäniň bäsdeşlige ukyply, ylymlara, bilimlere we ýokary tehnologiýalara, innowasion ösüşe esaslanan ykdysadyýeti bolan öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmeklige gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy babatda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary yzygiderli berkitmekden hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolan strategik ugurlarynyň ikisi boýunça durmuşa geçirilýär. Çünki häzirki döwürde dünýä giňişliginde toplanan tejribeler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halkara meseleleri çözmegiň ygtybarly serişdesi bolup durýandygyny, geljekde hem ikitaraplaýyn diplomatiýanyň ozalkylary ýaly döwletleriň daşary syýasatynda özüniň möhüm ornuny we ähmiýetini saklajakdygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna bolan taryhy saparlary ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ygrarlydygyny, bu syýasatyň täze many-mazmunyny aýdyň görkezdi.

Arkadagly Serdarymyzyň täze eýýamymyzda halkara giňişlikde amala aşyrýan hoşniýetli daşary syýasaty ýurdumyzyň içerki ösüşini ýokarlandyrmaga, döwletiň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň nusgalyk derejesini üpjün etmäge bähbitli hem amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde bolsa ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen täze wezipeler ýokary derejede çözülýär, durmuş ulgamlary dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykarylýar, öňdebaryjy dünýä tejribesi toplanylýar. Şol bir wagtyň özünde dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işleri ýokary derejede dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan, döredijilikli işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Selbi Sarybaýewa, TDP-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň hasapçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

07.07.2022 ý

 

tags: