DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ BINÝADY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 22-nji awgustynda «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilenine 30 ýyl dolýar. XX asyryň ahyrlarynda kabul edilen Jarnama täze taryhy şertlerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň wezipelerini özbaşdak çözmek ugrunda ilkinji ädim boldy. Türkmenistanyň bütin çäginde döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy mizemezligi, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy ýaly ýörelgelere eýermek döwlet özygtyýarlylygyny jar eden hukuk namasynda öz beýanyny tapdy.

Halkymyzyň erk-isleginiň beýany jemlenen bu Jarnama ýurdumyza demokratik, hukuk we dünýewi döwleti berkarar etmäge ýol açdy, halkyň syýasy, ykdysady, durmuş, ruhy we medeni taýdan mynasyp ösmegine, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine kanuny şertleri we demokratik ginişligi döretdi. Jarnamada döwletiň milli medeniýetiň täzeden rowaçlanmagyny, halkyň däp-dessurlaryny we aýratynlyklaryny, döwlet dili hökmünde türkmen diliniň ulanylmagyny üpjün edýändigi kesgitlendi. Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň halkyň eýeçiligindäki milli genji-hazynadygy, ol baýlyklara erk etmäge diňe Türkmenistanyň halkynyň hukugynyň bardygy berkidildi.

Bu taryhy resminama demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň sarsmaz binýadyny berkitdi, halkyň ykbalyny belende göterdi, milli döwlet gurujylyk, syýasy döredijilik ýörelgelerinde halk ýolunyň saýlanyp alynmagyny, mertebeli ýaşamagyny kepillendirdi. Ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan ildeşlerimiziň ata Watan hakyndaky arzuwlaryny hem hasyl etdi. Alys ýurtlardaky arkadaşlarymyza pederleriniň mähri siňen topragyna gelip, türkmen halky bilen ata Watanynyň şöhratyna buýsanmagy we toý toýlamagy üçin gapylary ginden açdy. «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnama» milli döwletliligiň belent ykrarnamasy hökmünde 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň, 1992-nji ýylda Konstitusiýanyň kabul edilmeginde binýatlyk syýasy-hukuk resminamasy bolup çykyş etdi.

Jarnamada beýan edilen ýurduň öz çägini köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryň görnüşlerinden azat zolaga öwürmegi özüne maksat edinýändigi, umumy parahatçylygy we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga işjeň ýardam edýändigi baradaky kadalar Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegini kesgitleýän, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň mazmunynda aýdyň şöhlelendi. Bularyň ählisi kanunçylyk namalarynyň milli däpler, tejribeler, edep-ahlak ýörelgeleri hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna we nusgalyk hukuk ulgamynyň kemala gelmegine itergi berdi.

Döwlet özygtyýarlylygy (halkara hukukda «suwerinitet») adalgasy «ýokary häkimiýet» diýen manyny aňlatmak bilen, hukuk düşünjesinde döwletiň içeri we daşary işlerini amala aşyranda doly garaşsyz bolmagyny, çäkleriniň eldegrilmesizligini, ykdysady özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny, durmuş we syýasy düzgünini diňe ýeke-täk öz halkynyň kesgitläp bilmegini alamatlandyrýar. Özygtyýarlylyk ýörelgesi halkara hukugyň esasy çeşmesi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1970-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda kabul edilen «Döwletleriň içerki işlerine gatyşmaklyga ýol bermezlik, olaryň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goramak barada Jarnamada» we beýieki halkara hukuk namalarynda giň beýanyny tapýar.

Özygtyýarlylygyň esasy üç häsiýeti bolup, onda: döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy, bitewüligi we garaşsyzlygy ýaly kadalaýyn düşünjeler jemlenýär. Döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy — döwletiň bütin çäginde doly häkimiýete eýe bolmagyny, başga hiç bir guramanyň ýa-da birleşigiň döwletiň häkimlik ygtyýarlyklaryny eýelemäge ýa-da öz ygtyýarlyklaryny döwletiň häkimlik ygtyýarlyklaryndan ýokarda goýmaga hakynyň ýokdugyny aňladýar. Kada laýyklykda, döwlet özygtyýarlylyk hukugyndan gelip çykýan häkimlik ygtyýarlyklary bilen tutuş halkyň adyndan çykyş edýär we bütin çäginde hemmeler tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişli bolan, hukuk gatnaşyklarynyň umumy düzümini we tertibini, şeýle hem fiziki şahslaryň özlerini alyp baryşlarynyň we ýuridik şahslaryň hereketleriniň çägini kesgitleýär. Şonuň ýaly-da, dürli guramalaryň, birleşmeleriň işini hukuk taýdan kadalaşdyrýar. Şonuň bilen birlikde, özygtyýarlylyk adalgasynyň mazmuny (hukuk düşünjesi), şahsyýetiň hukuklaryny, azatlyklaryny berkidýär, borçlaryny kesgitleýär. Döwlet edaralarynyň wezipeleriniň hem-de wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklarynyň çägini kanun esasynda kadalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň özi döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy bilen utgaşyklylykda alnanda, häkimiýet ygtyýarlyklarynyň Konstitusiýa we kanunlara esaslanýandygyny aňladýar. Demokratiýa ýörelgelerine esaslanýan türkmen jemgyýetinde döwlet häkimiýeti diňe hukuk esasynda hereket edýär we onuň ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenýär, ýagny döwlet häkimiýet edaralary hem edil beýieki fiziki we ýuridik şahslar ýaly, demokratiýa, hukuk, dünýewilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp kabul edilen kanunlary ýerine ýetirmäge hem-de şol kanunlaryň talaplaryna tabyn bolmaga borçludyrlar.

Döwlet özygtyýarlylygynyň bitewüligi — özygtyýarlylygyň döwlet edaralarynyň haýsy hem bolsa birine, mysal üçin, Parlamente, hökümete ýa-da kazyýete aýratynlykda degişli bolman, tutuşlygyna döwletiň häkimiýet ulgamyny emele getirýär. Döwlet garaşsyzlygy özygtyýarlylygyň möhüm düzüm bölegi bolup, ol döwlet häkimiýetiniň beýieki döwletler bilen gatnaşyga girende, özbaşdak bolmagyny aňladýar. Döwletler halkara gatnaşyklarda özbaşdak bolmak bilen bir wagtda diňe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we dessurlaryna eýerýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer demokratik jemgyýet döretmek maksat edinilen Jarnamada Türkmenistanyň bütin çäginde Konstitusiýanyň we kanunlaryň hökmürowanlygynyň berkarar edilýändigini kesgitleýän kadanyň hukuk ulgamynyň takyk işlemeginde ähmiýetlidigi aýratyn bellärliklidir. Çünki hukugyň hökmürowanlygy adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň iň ýokary aňlatmasydyr. Hukuk kadalarynyň berjaý edilmegi kanunalaýyk hereketiň esasydyr we şol bir wagtda-da hukugy amala aşyrmagyň ilkinji we has umumy görnüşidir.

Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly başlangyçlary esasynda hem-de hukuk namalarynyň netijeliligine üns berýändiginden ugur alnyp, rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyzyň 8-nji maddasynda «Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir» diýen kada öz beýanyny tapdy. Hukuk nazaryýetinde görnüşi boýunça bitewülige, mazmuny boýunça gutarnyklylyga eýe bolan hukugyň hökmürowanlygy babatdaky ýörelgäniň Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň konstitusion esaslarynda berkidilmegi möhüm ähmiýetli syýasy-hukuk waka boldy. Bu konstitusion kada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukugyň hökmürowanlygynyň tarapdarydygyny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny halkara resminamalarda umumy gymmatlyk hökmünde ykrar edýändigini tassyklady. Kanunyň rüstemliginiň berkarar edilmegi döwletiň we onuň ähli edaralarynyň, jemgyýetiň we wezipeli adamlaryň hukuk hem-de konstitusion gurluş bilen baglanyşygyny pugtalandyrdy.

Hukugyň hökmürowanlygy jemgyýetçilik gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň, ýagny raýatlaryň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň, wezipeli adamlaryň kanunalaýyk hereketlerini, hukuk görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin alyp barýan işlerini özünde jemleýär. Kanunyň hökmany ýerine ýetirilmegi we oňa hormat goýulmagy ýokary depginler bilen ösýän döwletimiziň häsiýetli aýratynlygy, raýatlarymyzyň durmuşynyň adaty kadasy hasaplanýar.

Adamyň we raýatyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen milli demokratik ýörelgeleriň kanunçylyga esaslanmagy, hukugyň ileri tutulmagy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy alamatlarynyň hatarynda durýandygyny görkezýär. Kanunyň hökmürowanlyk ýörelgesiniň berkarar edilmegi bilen hukuk döwletiniň esaslarynyň kämilleşdirilmegi bolsa adamyň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň, raýat jemgyýetiniň pugtalanmagynyň, şahsyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşiniň girewidir.

Hukuk döwletimizde kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegi ilatyň hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goragyna, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegine hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine gönükdirilendir. Türkmen halkynyň özygtyýarlylyk ýörelgelerinden gözbaş alan ata Watanymyzyň berkararlygyny, Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny dabaralandyrmaga her bir adamyň mynasyp goşant goşmagy raýatlaryň konstitusion borjudyr.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri. TDP-niň işjeň agzasy.

“Türkmenistan” gazeti.

 

tags: