Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslary pugtalanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ösüş ýoly bilen öňe barýar. Jemgyýeti işjeňleşdirmek we döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk işini demokratiýalaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Şeýle hem döwletimiziň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we milli kanunçylyk ulgamy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň mazmunynda raýat jemgyýetine mahsus bolan ýörelgeleri ornaşdyrmak bilen bir wagtda ynsanperwerligiň jemgyýetde we döwletde tutýan ornuny has-da mäkämleşdirmek üçin çäreler toplumy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama we onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyndan görnüşine görä, demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan taryhy işleriň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi onuň palatalary bolup durýarlar.

Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça şu ýylyň 19-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde eden çykyşynda: «Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, kanunlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam eder. Saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny, şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak üçin gowy şertleri döreder, Parlamentiň kanun çykaryjylyk işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi. Şol mejlislerde toparyň iş meýilnamalary tassyklanyp, agzalaryň öňünde anyk wezipeler goýuldy we guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, alnyp barlan işler boýunça seljermeler geçirilip, agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy makullanylyp, Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenildi.

Ähli halk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşmagyň barşynda girizilen teklipler nazara alnyp, Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan teklipler we bellikler esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi diňe bir döwletiň bähbitlerine hyzmat etmän, eýsem, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň berkemegine, olaryň döwletiň dolandyrylyşynda ähmiýetli orun eýelemegine oňyn täsirini ýetirer. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynyň demokratik esasda baýlaşdyrylýandygyny we döwrebaplaşdyrylýandygyny anyk görkezýär. Halk köpçüliginiň giň goldawyna we seslenmesine eýe bolan taslama boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, döwletimiziň konstitusion binýadyny we jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, şeýle hem pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan dünýäniň dürli döwletleriniň konstitusiýalarynyň düzgünleri ylmy taýdan öwrenildi we seljerildi. Şeýle ylmy taýdan esaslandyrmalar, deňeşdirme hukuk seljermeler bolsa Konstitusiýanyň kadalarynyň umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen sazlaşýandygyny doly tassyklaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň 19-njy awgustdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Konstitusion kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasyndaky Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekiliň agza bolup girýändigi, olary saýlamagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky teklibi maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde bu Kanunyň taslamasynda beýan edilen, şol bir adamyň bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasynada saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadanyň hem mähriban halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolandygyny döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem Konstitusion taslamada beýan edilen Milli Geňeşiň palatalarynyň mejlislerini geçirmegiň, onuň ygtyýarlyklaryna degişli meseleleriň anyk kadalaryny goldap, raýatlarymyzdan gelen müňlerçe teklipler göz öňüne tutulyp, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek, ygtyýarlyklaryny doly aýdyňlaşdyrmak boýunça teklipler esasynda iki belgili 80-nji maddada beýan edilýän Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär» diýen dördünji bendi goşup, ony Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynda berkitmek teklip edilýär. Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hukugyny bolsa Türkmenistanyň Prezidentine bermek hem-de bu düzgünleri Konstitusion kanunyň VI böleginde beýan etmek teklip edilýär.

Hil taýdan iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi döwrebap, yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady bolmak bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlap gelen we şu günki günlerimizde hasyl bolan ajap eýýamyň — adalat eýýamynyň berkarar bolmagynyň hem-de milli demokratiýamyzyň dünýä ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat eder. Şeýle hem kanun çykaryjylyk ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak bilen, Milli Geňeşiň ýerine ýetirýän işiniň netijeliligini ýokarlandyrar.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitlerine gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegi babatda Konstitusion kanuny taslamanyň bir belgili 83-nji maddasyna gelip gowşan teklipler esasynda «Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar» diýlip beýan edilýär. Munuň özi bu meseläni has-da aýdyňlaşdyrmaga ýardam berer.

Hawa, Esasy Kanun biziň döwletimiziň, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, milli döwlet gurluş syýasatymyzy bir ýere jemläp, ähli kanunlarymyzyň gözbaşynda duran adyl ýörelgämizdir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Konstitusiýa — biziň Esasy Kanunymyz». Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip berkidilmegi alym Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryny özüniň ýolgörkeziji ýörelgesi hökmünde ulanýan ýurdumyzda adamyň ömrüniň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş durmuş derejesiniň, umuman, her bir ynsana berilýän mizemez hukuklaryň ählisiniň döwlet üçinem, jemgyýet üçinem iň ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň hem-de ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň ygtybarly boljakdygynyň kepillendirmesi hökmünde çykyş edýär.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty bagtyýar döwletimizi häzirki zamanyň ählumumy ösüşinde täsirli orny bolan demokratik, hukuk döwletine öwürdi. Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler.

Aýgözel NURLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.