Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp üstünliklere hem-de belent ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň rowaç alýan beýik işleriniň netijesinde bagtyýar halkymyz şatlykly, eşretli günler başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumyadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem döwletimiziň abraý-mertebesiniň belentdigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara uly hormat goýupdyr. Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär we dost-doganlyk ýollary bilen bütin dünýä uzaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp eseriniň birinji kitabynda: “Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjinden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar” diýip belleýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenýär. Döwletimiziň ähli ulgamlarynda, önümçilik pudaklarynda bu şanly senäni zähmet üstünliklerine beslemek esasy maksat bolup durýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda eziz Diýarymyzda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy, bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler hem buýsandyryjydyr. Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek işlerine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyna edýän täsirini aýratyn belläp, degişli ugurda işleri kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Şu nukdaýnazardan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilikde işjeň ulanylmagyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýädäki belent sylag-sarpasy, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşlerine düýpli itergi berip, bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly, çüwen ykbally türkmeniň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly syýasatyny jümle-jahana ýaýýar.
TDP-niň Esenguly etrap komiteti hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny halk köpçüligine düşündirmekde etrap häkimligi we degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde wagyznesihat çärelerini yzygiderli alyp barýar.
Patma Muhammedowa, TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
17.08.2021 ý