Döwletli-döwranly döwür

Mukaddes Garaşsyzlygynyň gazanylanyna 31 ýyla golaý wagt geçen Türkmenistan döwletimiziň düýni, şu güni, ertiri hakynda oýlananyňda, kalbyň egsilmez buýsanç duýgularyna beslenýär. Sebäbi düýni, şu güni şan-şöhratly wakalara, beýik ösüşlere beslenen ýurdumyzyň ertiriniň has-da şöhratly hem-de ösüşli boljakdygyna häzirki alnyp barylýan ägirt uly işler hem-de ýüregimizdäki belent ynam kepil geçýär.

Biz häzir täze taryhy döwrüň ilkinji ýylynyň şanly wakalarynyň, ägirt uly özgertmeleriniň şaýady bolup ýörüs. Bilşimiz ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýlan belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýip atlandyrmak hakyndaky taryhy çözgüdiň kabul edilmegi bilen, halkymyzyň, döwletimiziň durmuşynda täze zamana gadam basyldy. Şol mejlisde täze bir döwletli tutuma — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» hem badalga berildi.

Täze eýýam ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplarda ýazylýan wakalar bilen gurşalýar. 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden taryhy çykyşynda: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk» diýip nygtady. Şondan bäri geçen örän gysga döwrüň içinde biz Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändine gözli şaýat bolup, guwanyp, buýsanyp ýörüs.

Döwlet Baştutanymyz 14-nji aprelde welaýatymyza toý sapary bilen geldi. Munuň Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenden soňra, ýurdumyz boýunça amala aşyran ilkinji saparydygyny aýratyn buýsanç bilen bellemelidiris. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler parasatly syýasatynyň özenini düzýän hormatly Prezidentimiziň şol saparynyň barşynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem taryhy wakalaryň biri bolmak bilen birlikde, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň täze eýýamda hem rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — Türkmenistan Watanymyzyň hem-de türkmen halkynyň şan-şöhratynyň has-da beýgelýän, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanýan zamanasy. Döwletli-döwranly döwrümize buýsanýan halkymyz şeýle ajaýyp eýýamda Watanyň, halkyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

30.06.2022 ý

 

tags: