DÖWLETLILIGIŇ DEMOKRATIK ÝOLY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyrmak bilen, ösüşiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýetilen sepgitler, ýokary ykdysady görkezijiler Türkmenistany dünýä ýüzünde diňe bir özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdirmek bilen çäklenmän, eýsem öz mümkinçiliklerini Ýer ýüzündäki adamzat ähliniň ýaşaýşyny döwür bilen aýakdaş gider ýaly derejede peýdalanmagyna uly esas boldy. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli döwlet syýasaty ýurtlaryň hem halklaryň arasyndaky ähli ugurdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge uly mümkinçilikleri berýär. Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň geçen gysga döwrüň içinde ýeten derejesi onuň hyzmatdaşlarynyň hatarynyň artmagyna getirdi. Geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, gumanitar ugurlarynda, «Açyk gapylar» syýasatyna, Bitaraplyk taglymatyna esaslanýan halkara gatnaşyklarynda, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynda, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda, jemgyýetçilik sazlaşygyny üpjün etmekde durmuşa geçirilen işler ata Watanymyzyň ýokary tizlikli ösýän döwlet hökmünde ornuny pugtalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ilkinji günlerinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň döredilendigini we kämilleşdirilýändigini, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, netijede, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmagyň başardandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän täze maksatnamany işläp düzmegi we şunuň bilen baglylykda, fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirmek bellenildi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasyna serediler we ol tassyklanylar.

Bu taryhy waka halkymyzyň Arkadagly zamana buýsanjyny öňküden-de artdyrdy, şonuň ýaly-da gurmak, döretmek, öňe gitmek ýaly döwletli ýörelgeleri hemişe baýdak edinip gelýän milletimizi täze maksatlara ruhlandyrdy. Milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap nusgasyna öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisi raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge ýardam berýär. Ol hormatly Prezidentimiz bilen merdana halkymyzyň, häkimiýetiň baky bitewüliginiň, şeýle jebisligiň esasynda amala aşyrylýan döwletli işleriň saldamynyň hem gymmatynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen birlikde, döwletliligiň demokratik ýolunyň täze nusgasynyň tutuş dünýä ýaýylmagyna esas bolýar. Nesip bolsa, öňde boljak milli forumda kabul ediljek çözgütler diňe bir şu günüň däl, eýsem, uzak geljegiň ykbalyny kesgitlär. Nesilleriň arasyndaky üznüksiz ösüşiň baky dowamata eýedigini aýan eder.

Häzirki wagtda ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halk köpçüligi bilen geçirilýän duşuşyk dabaralarynda bu taryhy wakanyň ähmiýeti, onuň türkmen durmuşyndaky orny giňden wagyz edilýär.

Biz — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary milli foruma taýýarlyk işlerini we onda kabul edilen çözgütleri öz saýlawçylarymyza giňden düşündirmekde başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Her bir işde bize nusga alarlyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, döwletli tutumlary rowaç alsyn!

Şatlyk Gurbandurdyýew, TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Daşoguz habarlary” gazeti

27.01.2022 ý

 

tags: