DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Garaşsyzlygyň gazananlary hakda, geçen 30 ýyllyk döwrüň buýsançly üstünlikleri, bitirilen şöhratly işler dogrusynda örän köp zatlary aýtmaga mümkinçiligimiz bar. Bu geçilen ýol gözleglerden, tagallalardan doly boldy. Garaşsyz milli döwleti gurmagyň, onuň ýol-ýörelgelerini kemala getirmegiň ýolunda bimöçber işler amala aşyryldy. Ägirt uly ösüşleri berkarar etmekde her ädimde, her pursatda ýüze çykýan meseleleriň iň dogry çözgüdini tapmak üçin edilen işler şu gün uly mekdep, çuňňur taryhy tejribe boldy. Munuň özi dünýäniň ykdysady çökgünlige düşen häzirki döwründe has hem üns berilmegine mynasypdyr. Çünki şeýle döwürde özüniň özboluşly ykdysady ösüş modelini durmuşa ornaşdyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, diňe bir ýurdumyzda abadançylygy, bolçulygy saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem sebitde we dünýäde umumy ykdysady ösüşleri üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Täze taryhy, milli döwletini kemala getirmekde türkmen halkynyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýýan, ösdürýän dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär. Ýurtda syýasy durnuklylygy, jemgyýetçilik asudalygyny gazanmak, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň netijesi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletiniň başynda durmagy biziň ýurdumyzyň Hakdan ýalkawlydygyny ýene-de bir ýola aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimize baştutanlyk edip gelýän döwrüniň dowamynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda bolup geçýän ösüş-özgerişler sanardan kän. “Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar” diýýän hormatly Prezidentimiziň bu keremli sözleri bu günki gün her bir türkmenistanlynyň göwnüni galkyndyrýar. Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda özbaşdak döwlet gurmagy, jebislikde, agzybirlikde halal zähmet çekip ýaşamagy arzuw eden halkdyr.

Häzirki ösen taryhy döwrüň öňe çykaran Beýik Şahsyýeti — dünýäde ykrar edilen Lider, hormatly Prezidentimiz Gur­banguly Berdimuhamedow halkymyz tarapyndan agzybirlik bilen bu belent wezipä saýlanylan gününden başlap, döwlet berkararlygymyzy gutarnykly esaslandyrmak, asuda-parahat ýurdumyzy mundan beýläkki ösüş-özgerişlere alyp gitmek ugrunda zerur bolan syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady-durmuş meseleleriniň maksatnamasyny işläp düzdi. Jan-jigerden söýýän halkynyň ýagty geljegi, ýurdunyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde arşa galyp, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň, ylym-bilimiň, sportuň, oba hojalygynyň — ähli ugurlaryň ýokary ösüşlere beslenmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň siňdiren yhlasy, gije-gündiz çeken zähmeti geçen ýyllaryň içinde özüniň ajaýyp netijesini-de berdi.

Halkymyzda: “Ýürekden çykan söz ýürege ýeter” diýen paýhasly söz bar. Bizde ýürekden edilen yhlas hem ýürege ýetýär. Bu gün — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän pursatlarynda ildeşlerimiziň uludan-kiçi ählisiniň kalbynda ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran eziz Arkadagymyza bolan ýürek buýsanjynyň çägi ýok.

Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyna 30 ýyl dolýar. Otuz ýyl diýmek — çärýek asyr diýmek. Bu ýyllar, uzak taryhyň dowamlylygyndan çen tutup seretseň, o diýen bir uzak möhlet däl. Ýöne Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylan beýik işleriň mysalynda seredeniňde, bu gysga taryhy döwür ägirt uly ösüşleriň berkarar edilen beýik zamanasydyr.

Garaşsyzlyk, türkmen halky bilen bir hatarda ykbalyň emir bilen dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan türkmenleriň hem Watan hakyndaky arzuwlaryny hasyl etdi. Garaşsyzlyk ýoluna ynamly hem-de batly gadam basan ýurdumyz döwletli döwrana, eşretli eýýama rowana boldy. Bütin dünýä ykrarnamasyna eýe bolan, döwlet binýadyny berkden tutan halkymyz milli özboluşlylygyna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini, milli we häzirki zaman ösüşiň gazananlaryny utgaşdyrmak ýoluny saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden başlap “Açyk gapylar” syýasatyny ýöretmek arkaly, diňe bir sebitara, goňşy ýurtlar bilen däl, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hem hoşniýetli we özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekde, ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Türkmenistan sarp ediji döwletden dörediji hem-de daşary ýurtlara eksport edip bilýän ýurda öwrüldi. Ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler we ýeňişler, oňyn özgertmeler we ýetilen sepgitler ýurdumyzyň ýylýazgysyny taryhy ähmiýetli wakalar, şanly seneler bilen şöhratlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz: “Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!” diýip, Watanymyzyň başymyzyň täjidigini, onuň iň beýik gymmatlykdygyny we oňa hyzmat etmegiň bagtdygyny nygtaýar. 30 ýyl taryh üçin gysga döwür bolsa-da, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işler bitirildi. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyz döwleti berkarar bolup, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligine demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde goşulyp, dünýä giňişliginde mynasyp ornuny tapdy. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde — Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ählumumy parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe saldamly goşandyny goşýar.

Taryhy geçmişimiz, bagtyýar döwrümiz, eşretli geljegimiz Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ähli ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşydyr, gazanýan beýik üstünliklerimiziň gönezligidir, merdana halkymyzyň yhlasly we gujurly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramak, jemgyýetimiziň asudalygyny we halkymyzyň agzybirligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin asylly maksatlary durmuşa geçirmek, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin raýatlyk borçdur.

Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri

“Daşoguz habarlary” gazeti

21.08.2021 ý

 

 

tags: