DÖWLETLILIK ÝÖRELGÄMIZIŇ BEÝANY

Adamzadyň uzak-uzak müňýyllyklardan başlap, häzirki günlere çenli jemlän tejribesi, pähim-parasady, bilimler hazynasy, dünýä akyl ýetirmäge synanyşykda döreden pikir jöwherleriniň ählisi kitaplarda jemlenýär. Kitap — dünýäniň syrlar äleminiň açary. Kitap — durmuşda ýolgörkeziji çelgi. Kitaplaryň üsti bilen müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen akyldarlaryň paýhaslary bilen tanyşýarys. Kitaplaryň üsti bilen milli gym­matlyklarymyzy ýene uzak-uzak asyrlara ýetirip bilýäris. Hut şonuň üçin hem kitap geçmişi, şu güni, geljegi bir-birine baglap duran ruhy köprüdir. Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklara çäksiz ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz gün-güzeranyny dolap oturan ýalňyz düýesini kitaba çalşyp bilen merdana halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň neneňsi ýokarydygyny belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz alyp barýan ägirt uly işleriniň daşyndan hem döwlet galamyny kemsiz işledip, halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň dürli ugurlara degişli bolan kitaplary halkymyza sowgat etmegi nesillere terbiýe mekdebi bolmak bilen, olaryň durmuşda öz ýollaryny tapmagynda uly orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet galamyndan syzylan edebi-çeper we ylmy kitaplary türkmen halkynyň edebiýatynda hem-de ylym dünýäsinde aýratyn bir orun eýelemek bilen, diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň ýankitaplaryna öwrülip, durmuşyna, geljek ýoluna çelgi bolup durýar. Bu bolsa milli Liderimiziň edebiýat, ylym dünýäsine, kitaplara siňdirip beren jöwher paýhasy, edebiýata, ylma goşan goşandynyň miwesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasadyndan kemal tapan, halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, gadymy ýol-ýörelgesini, ata-babalarymyzyň parasada ýugrulan ruhy gymmatlyklaryny beýan edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyza gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesiniň ählisi parahatçylykdan, asudalykdan gözbaş alýar.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly bu ajaýyp kitap halkymyzyň pähim-parasadyny dünýä ýaýjak, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmeginde bahasyna ýetip bolmajak eserleriň biri bolup durýar.

Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary, ruhy we maddy gymmatlyklary nesillere galdyrylan bahasyna ýetip bolmajak miras bolup durýar. Şol mirasy öwrenmek, nesillere ýetirmek ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, olaryň geçmişini, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini bilmeginde uly ähmiýete eýedir. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda alyp barýan beýik işleriniň her bir parçasyny bolsa elimize gowuşýan gyzyldan gymmatly, altyndan arzyly ajaýyp kitaplarynda görýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hem şeýle eserleriň biri bolup, ýolumyza şugla saçýar. Şeýle eserleri halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolup, beýik işleri mundan bu ýana hem rowaçlyklara beslensin!

Tahyr Öwezow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Serdar şäher komitetiniň başlygy.

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: