Döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşlary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip at berlen döwrüň ösüş hereketiniň hakyky ýagdaýyny seljeren wagtymyz türkmen halkynyň parasatlylygy, Gahryman Arkadagymyzyň berkiden, ösdüren, kämilleşdiren döwletiniň sarsmaz kuwwaty, mizemez esaslary äşgär ýüze çykýar. Bu beýik hakykat halkyň dünýäde ykrar edilen döwletlilik ýolunyň gözbaşlarynyň durmuşa, adamlaryň kalbyna haýran galdyrýan ýakynlygyny görkezýär. Milli Liderimiziň döwlet gurmak, milli jemgyýeti kemala getirmek, döwrüň talaplaryny göz öňünde tutýan içeri we daşary syýasaty paýhasly alyp barmak babatdaky tejribesiniň gymmaty barha äşgär bolýar.

Ýurdumyzda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, talabalaýyk geçirilmegi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanmagy türkmen jemgyýetiniň pugta syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, aňyýet esaslarynyň döwrebap ulgamlarynyň dörändigini, olaryň durmuşda we dünýäde çalt özgerip durýan ýagdaýlara uýgunlaşmaga ukyplydygyny çuňňur delillendirýän wakalar boldy. Munuň şeýledigini halkyň olara gatnaşygy we garaýyşlary doly subut etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öz wezipesine resmi ýagdaýda girişeli bäri köp wagt geçenok. Şu gysga döwürde halkara hyzmatdaşlykda bolup geçýän wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüş ýoluny başarjaňlyk bilen dowam etdirýändigini görkezýär. Adamlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri baradaky garaýyşlary öz saýlan döwlet Baştutanynyň başarjaňlygyna we bu wezipede ýurduň ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmäge taýýarlygynyň ýokarydygyna pugta ynanýandygynyň aýdyň delilidir. Ýaş hem bolsa uly durmuş ýoluny, döwletliligiň döwrebap mekdebini geçen hormatly Prezidentimiziň öz kyblasy Gahryman Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmakdaky gymmatly tejribesini dowam etdirmek bilen, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň ruhlandyryjy güýji, döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşlary pederleriň paýhasynyň egsilmez hazynasynda jemlenýär.

Döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň taryhy ýoly bir hakykaty aýan edýär: halkyň ykbalyny, ýurduň geljegini öz üstüne alýan adamlaryň şahsyýetlik derejesine köp zatlar bagly bolup durýar. Şunda jogapkärçiligi ýürekden duýmak, elmydama adalatlylyga, ynsanperwerlige daýanmak, il-günüň hal-ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamak, döwletiň ähli mümkinçiliklerini ýurt abadançylygyna, halkyň bagtyýarlygyna gönükdirmek döwlet Baştutanyny taryhy şahsyýetiň belent derejesine göterýän ajaýyp häsiýetlerdir. Biziň halkymyz Gahryman Arkadagymyzy hut şeýle ynsanperwer häsiýetleri bilen ykrar etdi. Milli Liderimizi döwletiň sarsmaz sütünlerini dörediji, öz halkynyň geçmişini, şu gününi, ertirini kepillendirýän hakyky Arkadag hökmünde kabul etdi. Milli mertebeliligi dünýäde belende galdyrmagyň deňsiz-taýsyz nusgasyny döreden Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam etdirmekde iň bir ygtybarly, ynamdar döwlet Baştutanyny saýlan türkmen halkynyň geljege ynamly garamagynyň düýp sebäbi Türkmenistanyň döwrüň synagyndan geçen ösüş ýolunyň häzirki çylşyrymly dünýä ýagdaýlarynda-da durnuklylygyny saklaýandygy bilen baglydyr. Asuda durmuş, durnukly ösüş bolsa bagtyýarlygyň alamaty.

Elbetde, häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň göz öňünde tutulýan netijelerini gazanmak, halkara hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna görä alyp barmak üçin köp tagallalardyr oýlanyşykly, çeýe syýasat zerur. Ýurdumyzda şu wagta çenli maksatnamalary amala aşyrmagyň zerur şertlerini döretmekde, halkara derejede ygtybarly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramakda uly ýol geçilip, oňyn netijeler gazanyldy. Iň esasy zat, ählumumy ösüşiň islendik ýagdaýynda ykdysady syýasaty döwrüň talaplaryna laýyk ýöretmäge gönükdirilen özgerişleri çalt durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän pugta milli ykdysady gurallaryň döränligidir. Bu ugurda ygtybarly hukuk esaslary kemala getirilip, özgerişlere laýyklykda, olaryň üsti ýetirilip durulýar. Döredilýän şertler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri üçin işlenip taýýarlanan 2022 — 2052-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmakda ynamly öňe gitmegiň, göz öňünde tutulýan maksatlara ýetmegiň badalgasydyr, binýatlyk esasydyr.

Türkmen halky Garaşsyzlygyň geçilen ýolunda nähili üstünlikleri gazandy we geljekde nähili ösüşlere garaşýar? Bu sowaly dünýä ösüşiniň çäklerinde seljermek zerur bolsa gerek. Çünki milli ykdysadyýetiň ählumumy ösüşe goşulyşmagy çuňlaşdy we giňedi. Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl-de, ähli ulgamlarda çalt depginde ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly guramaçylyk ukybyna şaýatlyk edýän halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde we bütin dünýäde söwda-ykdysady gatnaşyklarda ýüze çykýan özgerişler Türkmenistanyň sebitde hem-de dünýäde üstaşyr ulag geçelgesi, logistik merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda hususy pudak öz ykdysady täsirini barha artdyrýar. Şunda telekeçileriň, işewürleriň halkara hyzmatdaşlygy ynamly ýola goýmagy ykdysady kuwwatyň çalt depginde artdyrylmagyna şert döredýär. Maglumatlara görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 27 müňden gowrak bolup, häzirki wagtda hususy ulgamda ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň ýarysyndan gowragy işleýär. Telekeçiler tarapyndan 120-ä golaý maldarçylyk we 80-e golaý guşçulyk toplumlary guruldy. Olaryň öndürýän senagat, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi hem-de görnüşleri barha artýar. Şeýle buýsançly maglumatlara ähli ulgamlarda-da duşmak bolýar. Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk taryhy ösüş ýolunda milli ykdysadyýetimize 200 milliard dollar möçberinde maýa goýumlaryň goýlandygyny, şonuň 60 göterimden gowragynyň senagat pudagyna gönükdirilendigini belläp geçmek zerurdyr.

Ykdysadyýetiň durmuş ugurly ösüşlerinde gazanylan netijeler Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigini aýdyň subut edýär. Ýurdumyzda 90-dan gowrak täze hassahananyň gurlandygy, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 153-siniň, medeniýet öýleriniň 85-siniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 370-siniň, mekdepleriň 529-synyň, sport mekdepleriniň 117-siniň, sport desgalarynyň 86-synyň, awtomobil ýollarynyň 7 müň kilometrden gowragynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň 42 million inedördül metriniň bina edilendigi we beýleki köp-köp desgalar, binalar Türkmenistanyň okgunly öňe barýandygyny, ösüşiň şaýoluna düşendigini äşgär görkezýän guwandyryjy maglumatlardyr. Olar diňe bir ykdysady görkezijiler bolman, halkyň milli mertebesini bütin dünýäde belende galdyrýan buýsanç çeşmeleridir. Watanyň kuwwatyna watançylyk duýgusy bilen garamaga ýol açýan durmuş hakykatydyr.

Durmuş dowam edýär. Ösüşiň ähli ýollary geljegiň belentliklerine barýar. Bu ýollarda maksat aýdyň, wezipeler kesgitli. Geljekden garaşylýan netijelere ýetmegiň özüne baglydygyna oňat düşünýän, geçilen ýollarda muňa aýdyň göz ýetiren halkymyz beýik işleri bitirmäge taýýar. Bitirmeli il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler ähli ugurlar boýunça «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» birin-birin görkezilýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen birlikde, her bir welaýaty, Aşgabat şäherini ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlenýär. Ozal başlanan giň möçberli halkara we milli ykdysady taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrmak bilen baglanyşykly işler hem öňe sürülýär.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek täze, ösen şertlerde kemala gelen, taýýarlykly ýaş hünärmenleriň tagallalary, yhlaslary, oýlanyşykly zähmetleri bilen dowam etdiriler. Ýokarda agzalan maksatnamada milli ykdysadyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün etmegiň täze modelini kemala getirmäge gönükdirilen zerur çäreler bellenilýär. Şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny industrial we innowasion esasda ösdürmegiň derwaýys ugurlary kesgitlenilýär. Şeýle işleriň hatarynda ykdysadyýetiň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny dowam etdirmek we ýokary tehnologik önümçilikleriň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, milli ykdysadyýeti innowasion esasda ösdürmek, ylmy mümkinçiligi pugtalandyrmak, täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar. Şeýle düýpli täzelenişleriň diňe ykdysady pudaga däl-de, halkyň ýaşaýyş-durmuşyna-da giňden ornaşdyrylýandygy ýakyn ýyllarda döwrebap ösüşiň has ýokary derejelere ýetiriljekdigine güwä geçýär. Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryň has artýandygyny-da buýsanç bilen aýdyp bileris.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy. Onda: «Bu gün Türkmenistan döwleti Ýer togalagynda, türkmen halky bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Döwletimiziň hem, halkymyzyň hem mertebesi belende galdy» diýilýär. Bu sözler berkarar döwletiň binýadyny berkiden, türkmen halky üçin bagtyýarlygyň röwşen ýoluny açan taryhy şahsyýetiň, zehinli, parasatly milli Lideriň ykrarydyr.

Peder ýollaryny geljegiň belentliklerine ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz şeýle belleýär: «Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys.

Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!

Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!

Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!».

Şeýle ýagşy niýetler gadymdan gelýän mukaddes durmuş ýolumyzyň ýalkym-çyragydyr. Goý, bu ýollar dowamat-dowam bolsun!

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

04.05.2022 ý

 

 

tags: