DÖWRÜŇ BEÝIK HAKYKATY

Görmek, göz ýetirmek düşünjesi durmuşda bolup geçýän ýagdaýlary dogry kesgitläp bilmegiň esasy şerti bolsa gerek. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilşi ýaly, görüp, aň ýetirmek hakykata düşünmegiň dogry ýoludyr. Şoňa görä-de, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, giň gerimli özgertmeler halkymyza has äşgärdir. Ýurduň raýatlarynyň her biri, ýaşuludyr ýaşkiçi uly ösüşlere nähili ýetilendigini, ýaşaýyş-durmuşyň özgerişlerini, yhlas, ynam, umyt bilen geçilen ýollaryň her pursadynda nähili meseleleriň çözülendigini, her bir işe nähili zähmet siňdirilendigini gowy bilýärler. Halkymyz milli Liderimiziň beýik maksatlaryny goldap, her kim öz ornunda berk durup, Watanyň şu gününiň, geljeginiň öňündäki jogapkärçilige pugta düşünip, agzybirlikli hereket bilen bagtyýarlygy berkarar etdi, dünýä derejeli ösüşlere ýetdi. Munuň özi döwrüň beýik hem inkär edip bolmajak hakykatydyr.

Öňe, geljege tarap hereket diýlende, bir ýagdaýy asla ýatdan çykarmak bolmaz. Öňe hereketiň iň esasy taraplarynyň biri taryhy, milli köklere daýanmak boldy. Bu bolsa häzirki zaman ösüşinde dogry ýoly saýlap almagyň takyk çykalgasy hökmünde orta çykan, döwrüň örän çylşyrymly synaglaryndan geçen ýörelge bolup, Garaşsyzlygyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik binýatlaryny döretmäge, berkitmäge, ýaşaýyş-durmuş, halkara gatnaşyklaryny kemala getirmäge ýardam berdi. Täze döwrüň aňyýetiniň esasynda milli mirasyň durmagy ýaşlaryň aň-düşünjesine halkymyzyň däp-dessuryna, ynam-ygtykadyna, dünýägaraýşyna mahsus häsiýetleri ornaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp mazmunynda häzirki döwrüň halkyň geljeginiň öňünde goýýan çynlakaý meselelerine anyk jogabyň bardygyny ynam bilen aýdyp bolar. Şol jogap milletiň taryhynyň, milli ýolunyň beýikligini halkyň aňyna ýetirmegiň möhüm ähmiýetine düşünmekden ybarat boldy. Hormatly Prezidentimiz halkyň beýikligini milli häsiýetlerdäki çuňňur hem-de mizemez düşünjelerde, durmuş ýörelgelerinde gördi. Türkmen halkynyň taryhy geçen ýolunyň milli aýratynlygy hökmünde öňe çykýan özboluşlylyk milletimiziň ruhuna, ahlak ýörelgelerine asyrlarboýy inçeden ornaşyp gelen bitewi, mizemez dünýägaraýyşdyr. Döwürlere ýan bermedik bu bitewüligiň her döwre görä has berçinlenip ösdürilişi türkmen halkynyň dünýäniň aň taýdan ösen milletleriniň hatarynda taryhy ornunyň bardygyny subut edýär. Medeni, aňyýet syýasaty halkyň çuňňur pelsepe ýoluny bütin aýdyňlygy, öwüşginliligi, many baýlygy bilen açyp görkezmek maksadyndan ugur alýar. Özi-de, bu maksady hasyl etmegiň ýollary babatda alnyp barylýan syýasat aýratyn hem özüne çekijidir. Häzirki döwürde milletleriň öz-özüne düşünmeginden ötri, taryhy geçen ýollaryny gaýtadan has giňişleýin seljermäge ýykgyn edýän ýagdaýlarynda, her bir halkyň taryhy we milli ýoly hakda örän çeýe, sypaýyçylykly hereketiň, anyk delillendirilen pikirleriň zerurlygyny wagt görkezýär.

Dünýä taryhynda her bir milletiň, halkyň, halkyýetiň mynasyp ornuny ykrar etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň geçmişiň çuň köklerini öwrenmek arkaly häzirki ösen döwrüň döwlet syýasatyny kemala getirmekde çykaran netijesiniň durmuşa ukyplylygy, bar bolan şertlere görä, ösüşleri amala aşyrmakdaky wajyp orny halkara giňişlikde ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň artmagyna giň ýol açdy. Milli Liderimiziň milletimiziň taryhy ösüş ýoluna esaslanýan döwlet syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine dogruçyllyk hem-de ynandyryjy ýetirip bilmegi, ýurtda ýola goýlan işleriň mysalynda açyklyk hem aýdyňlyk bilen görkezmegi Türkmenistan barada oňyn garaýyşlary has berkitdi.

Türkmen halkynyň çuň paýhasa, aňyýet kämilligine daýanýan durmuş ýörelgeleri, jemgyýetçilik aňy dünýä ösüşiniň çylşyrymly döwrüniň ýeňil bolmadyk meseleleriniň çözgüdini tapmagyň açary boldy. Türkmeniň ýoly bolsa nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen gözbaş alýar. Şol döwürden gaýdýan taryhy ýolda türkmen topragynda her hili ýagdaýlar bolup geçipdir. Türkmenleriň guran döwletleri köp döwürlerde gülläp ösüpdir, taryhyň belli bir pursatlarynda döwletleriň, şadöwletleriň synan wagtlary bolupdyr. Emma bir ýagdaý üýtgemändir, ol hem türkmeniň milli ýoludyr. Häzirki döwürdede yklymlarda halkymyzyň ruhy, maddy gymmatlyklary, taryhy bilen bagly ýitmejek yzlary görmek bolýar. Onlarça döwlet gurup, öz medeniýetini sebitlere ýaýradan türkmen serkerdeleri, şalary, soltanlary hakda taryh gatlarynda oňyn garaýyşlaryň galandygy halkymyzyň gylyk-häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň ähli döwürlerde döwlet syýasatynyň esasynda durandygynyň subutnamasydyr. Orta Gündogara, Kiçi Aziýa ýöriş eden türkmen serkerdeleri, soltanlary baran ýerlerinde köşk-saraýlary, metjit-medreseleri, köprüleri gurup, asyrlara ýagşy ýadygärlikleri galdyrypdyrlar. Olar halk bilen adalatly bolmaga, sahawatly işleri bitirmäge çalşypdyrlar. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýoly sungatyň, edebiýatyň, medeni gatnaşyklaryň üsti bilen halklaryň ruhuna siňipdir.

Türkmeniň aňyndan çykan haýsy mirasymyza ýüzlenseň, taryhyň haýsy döwrüdigine garamazdan, iň beýik, iň mukaddes taglymlar tebigatyň özi ýaly müdimilik münberinden ýaňlanýan mysaly, ynsan ruhuna şugla saçýar. Elbetde, biz dünýäde köp öwüşginli jemgyýetçilik garaýyşlarynyň bardygyny bilýäris. Her bir ýurduň halkara derejede ykrar edilýän, umumadamzat gymmatlyklaryna, umumy ykrar edilen halkara hukugyna esaslanýan döwlet syýasaty halkara, döwletara gatnaşyklary, şeýle hem içerki jemgyýetçilik durmuşyny alyp barmagyň guraly bolup durýar. Şunda jemgyýetçilik pikiri bilen döwlet syýasatynyň jebis gelmegi syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygynyň kepili bolup çykyş edýär. Türkmen halkyna mahsus düşünjelere görä, gapma-garşylyk däl-de, sazlaşyk, düşünişmek, sabyr-takatlylyk, köp dürli garaýyşlary bir ugra gönükdirip, umumy bähbidi ileri tutmak abadan durmuşy berkarar etmegiň esasy şertidir.

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda türkmeniň milli ýoly hakda paýhasly pikirleri orta atyp, şeýle diýdi: «Men şu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we watançylyga ýugrulan örän ruhubelent «Türkmeniň» goşgusyna ýüzlenmek isleýärin:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Bu ajaýyp setirler millionlarça adamlaryň kalbyny birleşdirip, aýdyma, ganatly sözlere we nakyla öwrülip gidipdir. Şu bitewülik we watançylyk mizemez agzybirligi döredip, döwletimiziň hemde milletimiziň sarsmazlygynyň kepillendirmesi bolup durýar».

Şol ýerde milli Liderimiz gadymdan gelýän bitewülik ýolunyň taryhyň içinden altyn sapak ýaly geçýän parlak ruhunyň edebi mirasymyza siňip, asyrlardan-asyrlara hakydalary birleşdirip gelýän paýhas ýörelgeleri barada mysallary hem getirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň halkymyzyň beýik taryhy ýoly, milli mirasy, durmuş ýörelgeleri, pelsepe hazynasy bilen pugta sazlaşygy, jemgyýetimiziň täzeçillige, döwrebap ösüşlere gönügen belent maksatlarynyň türkmeniň gadymdan gelýän bitewülik ýoluna daýanmagy türkmen döwletiniň sarsmaz binýatlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Halkymyz döwlet syýasatynda şu gün we geljek üçin öňe sürülýän maksatlara oňat düşünýär. Ösen ýaşaýşyň ýokary şertlerini öz yhlasly, döredijilikli zähmeti, irginsiz gözlegleri bilen döretmegiň mümkindigini durmuşda aýdyň görýän adamlar geljege tarap ruhubelentlik bilen hereket edýärler.

Hususy işini ýola goýup, telekeçilikden abraý, rysgal-döwlet tapýanlaryň hatary ýyl-ýyldan artyp barýar. Önümçiligiň dürli pudaklarynda, hyzmatlar ulgamynda öz başarnyklaryny görkezýän ildeşlerimiz beýleki adamlara görelde bolýarlar. Halkyň aglaba bölegi bagtyň, rysgal-döwletiň keremli türkmen topragyndadygyna, hemme üstünliklere halal zähmet bilen ýetmelidigine oňat düşünýär. Döwlet işewür adamlary goldaýar. Telekeçiler üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr!» diýen buýsançly sözleri şu günki ösüşlerimiziň şygaryna öwrüldi.

Oguz han atamyzyň «Halky süýji dil bilen ýola saldym» diýşi ýaly, mähriban Arkadagymyz hemişe halkyň arasynda, hemişe halk bilen bile. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, bagtyýar durmuşyň berkarar edilmegine yhlasly zähmeti bilen goşant goşýan adamlaryň armasyny ýetirip, Şa serpaýlaryny ýapýan Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň miras goýan milli ýolunyň halkyň, ýaş nesilleriň ruhy çyragyna, ahlak ýoluna öwrülmegi, jemgyýetiň aňyýet ösüşinde düýpli orun almagy babatda-da ägirt uly, çuň paýhasa ýugrulan döwlet syýasatyny alyp barýar.

Türkmen halky bäş müňýyllyk taryhynyň milli ýoluna buýsanyp ýaşaýar. Belent ruhly, dana halkymyz milli köklerimize berk daýanyp, ata-babalaryň ýol-ýörelgelerini goldanyp, häzirki döwrüň ýokary ösüşlerini gazanmak ugrundaky maksada ýetmegiň tiz başardýandygyna bireýýäm göz ýetirdi. Milli ruh, milli medeniýet, dünýä derejeli uly taryh, asyrlarda kemala gelen, umumadamzat gymmatlyklarynyň umman ýaly hazynasynda orny bolan milli miras halk üçin häzirki döwrüň çylşyrymly ösüş taryhyna öz ýoly bilen goşulyşmagyň mizemez binýady boldy.

Arkadag Prezidentimiz jöwher paýhasy, synmaz erki, sahawatly kalby bilen ýurduny, halkyny belent derejä ýetirdi. Türkmenistany gülläp ösýän, bagtyýar Diýara öwürdi. Geçmişden geljege ugur alan türkmeniň milli ýolunyň dünýäde ykrar edilmegini gazandy. Halkyna Arkadag bolan milli Liderimiziň saýasynda türkmen halky ynamly ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär, geljegiň berk binýadyny gurýar. Türkmen topragyndaky asudalygyň, bir pursat hem gowşamaýan ösüşleriň, geljege barýan ýoluň ýagtylygynyň asyl manysyny halkyň Gahryman Arkadagyna, mähriban Watanyna, ata-babalardan miras galan türkmeniň mizemez ýoluna bolan uly we mäkäm ynamyndan agtarmak, halkyň kalbyndan gözlemek dogry bolar.

Hormatly Prezidentimize milli ýolumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hemişe rowaçlyk, uzak ömür, berk jan saglyk arzuw edýäris.

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

“Türkmenistan” gazeti.

 

 

tags: