Daýhanlaryň yhlasly zähmeti

Häzirki döwürde daý­han­la­ryň iş­le­mek­le­ri­ne, ýer­den bol ha­syl al­mak­la­ry­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­ny tä­ze sep­git­le­re çy­kar­dy. Ýur­dumyz­da ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ha­syl­lyly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Suw se­riş­de­le­ri­niň reje­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.

Ýer, suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk yl­my­nyň, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär.

Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi üçin mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan tej­ri­be döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dy­ryl­ýar.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­ny uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mek — ýur­du­my­zyň kä­ren­de­çi daý­han­la­ry­nyň baş mak­sa­dy. Rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy bo­lan guş­gur­sak ak bug­da­ýyň her dä­ne­si­ni ze­re de­ňe­ýän ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ber­jaý edip, ar­zy­ly pel­le­ha­na ýet­jek­dik­le­ri­ne ynan­ýa­rys.

Mu­ham­met­na­zar Täş­li­ýew, TDP-niň Türk­men­ga­la et­rap ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty

“Mugallymlar” gazeti

13.07.2022 ý

 

tags: