DABARA GEÇIRILDI

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde pagtaçy daýhanlaryň zähmet üstünliginiň şanyna dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada pagta ýygymy möwsüminiň öňbaşçylary arzyly myhman hökmünde gatnaşdy.

Dabarada Kaka etrabynyň pagtaçylarynyň 45 müň 180 tonnadan gowrak «ak altyny» harmana goşup, tabşyrygy artykmajy bilen berjaý etmek arkaly, welaýatymyzyň pagtaçylarynyň umumy üstünligine saldamly goşant goşandygy bellenildi. Şonuň bilen baglanyşykly etrabyň A.Tahyrow adyndaky, Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň, «Ýaz meýdan», «Arzuwlara ýeten» daýhan hojalyklarynyň bu üstünlikde mynasyp paýynyň bardygy nygtalyp, agzalan hojalyklaryň daýhanlarynyň adyna öwgüli sözler aýdyldy.

Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy daýhanlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra dabara aýdym-sazly çykyşlar astynda dowam etdi. Sahawatly topraga hyzmat edip, Arkadagly eşretli döwrümizde ýokary hasyly kemala getirýän edermen daýhanlarymyzyň waspy bu ýerdäki çykyşlaryň özeni boldy. Zähmet üstünliginiň şanyna meýdan düşelgelerinde geçirilen dabaralar hem ýatda galyjy boldy.

Ogulgerek Gurbanowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

06.11.2020 ý

tags: