Dabaraly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa partiýanyň işjeň agzalary hem-de bilim işgärleri gatnaşdy.

Maslahatyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ussat mugallymy, ylhalar ynsany hatyraladylar, şeýle-de bilim ojagyndaky muzeýe aýlanyp gördüler. Muzeýde Yzgant şäherçesiniň taryhy we ol ýerde ýaşan meşhur şahsyýetler hakda söhbet açýan maglumatlar bilen tanyşdylar. Berdimuhamet Annaýewiň suraty, iş kagyzlary, onuň eýe bolan hormat nyşanlary, «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň nusgalary onda aýratyn orun eýeleýär. Şeýle bolansoň, muzeý ildeşlerimizde uly täsirleri döretdi.

Mekdebiň mejlisler jaýynda bolan dabaraly maslahat çykyşlara baý boldy. Onda edilen çykyşlarda häzirki wagtda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda ähli babatda gazanylýan ösüş-özgertmeleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde we olaryň ähmiýetini düşündirmekde partiýa işjeňleriniň orny dogrusynda hem gyzykly söhbet açyldy.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän döwlet we milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň medeni-ruhy ösüşini, sagdyn durmuşyny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer we ruhubelent adamlar edip ýetişdirmek, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatdaky işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň goşýan saldamly goşandy barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Dabaraly maslahatda geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak boýunça başlangyjyň ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapandygy barada hem aýdyldy. Çykyş edenler ýetip gelýän Täze ýylyň ähli babatlarda üstünlikli ýyllaryň biri bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň täze-täze sepgitlere ýetmegini arzuw etdiler.

Orazgül Pygamowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

17.12.2021 ý

 

tags: