Öňde wajyp wezipeler

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde 11-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek boýunça dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda maslahatlar guralýar. Şeýle maslahatlaryň biri geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk we öňde durýan beýik maksatlar» diýlip atlandyrylan maslahata Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Hormatly il ýaşulularydyr mährem eneler, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köp sanly ýaşlar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 27-nji ýanwarda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatynda: «Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris» diýip nygtady. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk häkimiýetliliginiň, milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlanyşy, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini birkemsiz berjaý etmek ugrunda ýerine ýetirilmeli işler barada pikir alşyldy.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda uly ruhubelentlik, röwşen geljege synmaz ynam bilen gadam basylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýär. Barha golaýlaýan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar, çünki onda ýurdumyzy geljek 30 ýylyň dowamynda giň gerimde ösdürmegiň köpugurly maksatnamasy kabul ediler. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu möhüm çäräniň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda tutýan ornuny, ýurdumyzyň milli demokratik ösüş ýoluny wagyz-nesihat etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň gün tertibi bilen bagly meseleler boýunça ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikdäki işler ýola goýlup, olara guramaçylyk-usulyýet kömegi berilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan iş maslahatynda şu ýyl ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine hem 30 ýylyň dolýandygyna ünsi çekdi. Maslahatda bu barada aýratyn bellenilip, milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleriniň biri bolan Konstitusiýamyzyň many-mazmunyny, kadalaryny, esasan-da, onda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň hukuklarydyr azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan uly işleri, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça bilelikdäki çäreleriň toplumlaýyn, temalaýyn esasda, yzygiderli hem-de ýokary derejede guralmalydygy nygtaldy.

Maslahatda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda boljak beýleki iri çäreler, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parasatly içeri we daşary syýasatyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy, Watanymyzyň beýik geljegi hasaplanylýan ýaşlar üçin döredilýän ajaýyp mümkinçilikler barada-da giňişleýin gürrüň edildi hem-de ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran milli Liderimiziň adyna alkyşlar aýdyldy.

Aýmyrat Pirjikow «Türkmenistan»

“Türkmenistan” gazeti

31.01.2022 ý

 

tags: