DEMOKRATIK ÝÖRELGELER

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny şanlandyran möhüm taryhy wakalaryň biri boldy hem-de ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ählihalk maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bu umumymilli forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Demokratik esasda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Döwrüň görnükli syýasatçysy, parahatçylykly ösüşiň döwrebap ýoluny dörediji, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň netijeli çözgütlerini tapmakda başarnykly milli Lider hökmünde dünýäde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary we pähim-parasatly başlangyçlary halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şertlendirip, her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmaga, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge itergi berjek maksatnamalar özüniň gözbaşyny milli kanunçylykda, milli kanunçylygyň kadalary bolsa, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Şu güne çenli ýurdumyzda durmuşa geçirilen işler hem ähli tapgyrlarda konstitusion esasda durmuşa geçirildi. Hut şonuň üçinem, döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk hem sazlaşykly ösmegine gönükdirilen özgertmeler Konstitusion kanun arkaly amala aşyrylýar.

Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan özgertmelere ähli halk tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi we oňa bütin jemgyýetimiziň işjeň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy iki palataly ulgama geçiriler. Bu ulgam tutuş dünýäde parlamentarizmiň has ösen we giň ýaýran görnüşi hökmünde ykrar edilýär. Ähli halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmak arkaly taýýarlanylan hem-de kabul edilen Konstitusion kanun esasynda milli Parlamentimiziň işiniň kämilleşdirilmegi döwletimiziň ähli ugurlarynyň, ilkinji nobatda bolsa, durmuş ulgamynyň özgerdilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça öňde durýan wezipeleri, umumy ykrar edilen kadalary we hukuk tejribesinde bar bolan halkara ölçegleri nazara alnyp, döwletimiziň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belleýär.

TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan anyk wezipeleriniň many-mazmunyny, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen demokratik özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, welaýatymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, guramalarynda, okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli guraýarlar. Şu ugurda welaýat häkimliginiň tassyklan ýörite iş Meýilnamasyna laýyklykda häzirki günlerde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň işjeň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetli kararlaryny we çözgütlerini giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek bilen bagly maslahatlaryň geçirilýändigini bellemek gerek.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda dowam edýän ýylymyzda möhüm wakalardyr şanly seneler bir-biri bilen utgaşykly dowam edýär. TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň ilkinji partiýa guramalary hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda ilat arasynda sagdynlyk we arassaçylyk endiklerini kemala getirmek boýunça düşündiriş işlerini, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna taýýarlyk görmek hem-de öňümizdäki ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlanmak boýunça guramaçylyk işleri görkezmek bolar.

Biz, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň wekilleri bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri we taryhy ähmiýetli işleri mundan beýläk hem giň halk köpçüligine wagyz etmek ugrunda irginsiz zähmet çekip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Merdan Meredow, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: