Demokratik ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygy hakynda edýän bimöçber aladalary özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy, at-abraýy dünýä doldy. Halkyň ýaşaýyş derejesi, durmuş üpjünçiligi has-da gowulandy.

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary külli türkmen ilini joşgunly zähmete ruhlandyrýar, halkymyzy bagtyýarlyk ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň töweregine has-da jebisleşdirýär. Halkymyzyň ähli gatlaklaryny jebisleşdirmäge, olaryň bir jan, bir ten bolup ýaşamaklaryna, işlemeklerine ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, olaryň işjeň agzalary öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 30 ýylyň içinde syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barmak bilen, jemgyýetde ornuny has-da pugtalandyrdy, guramaçylyk taýdan berkedi we syýasy taýdan kämilleşdi. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek, düşündirmek, durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak partiýamyzyň guramalarynyň işiniň özenini düzýär.

Özünde 86 ilkinji partiýa guramalaryny, 2600-den gowrak partiýa agzalaryny jemleýän şäher komitetimiz şäher häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralary, bilim we medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty bölümleri bilen bilelikde meýilnamalaýyn wagyz-nesihat, düşündiriş, medeni-köpçülik, sport, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe maksada laýyk çäreleri, ýurt Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan dörän we öz halkyna peşgeş beren kitaplaryny öwrenmek, olaryň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek, wagyz-nesihat etmek işleri guramaçylykly geçirilýär.

Geljekde hem TDP-niň şäher komitetiniň işgärleri, wagyz-nesihat toparynyň işjeň agzalary bolup, milli Liderimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmek, Milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek ugrundaky işde öň hatarlarda bolarys.

Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Agamyrat Seýitberdiýew, TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: