DEMOKRATIK ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY HUKUK BINÝADY

Gysga wagtda ýurdumyzyň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylan haýran galdyryjy ýurt we dünýä ähmiýetli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Watanyň, halkyň we dünýäniň öňündäki taýsyz taryhy hyzmatydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan —günsaýyn ösýän döwlet. Onuň şöhratly taryhy şanly senelere örän baýdyr. Üstümizdäki ýylyň şeýle taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri-de hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisidir Onda geljek ýylda ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlar we döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi nobatdaky umumymilli forumyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň iň möhümidir. Bu barada döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn çykyşynda: «Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi, dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribesine daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär» diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz konstitusion özgertmelere badalga bermegiň zerurdygy barada aýdyp, döwletimizi we jemgyýetimizi demokratik ýörelgelere esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk dolandyrmaga täze itergi berdi.

Geçen ýyl milli Liderimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Permana gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde agzalan toparyň ýanynda degişli iş topary döredildi. Ýeri gelende, geçen döwrüň dowamynda Konstitusion toparyň mejlisleriniň dördüsiniň geçirilendigini bellemek gerek. Döwletiň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly ähli işleriň döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, alymlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilmelidigi, olardan gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreleriň giň gerimde bolmalydygy, bu babatda dünýäde toplanan tejribäniň iň oňat kadalaryny goldamagyň möhüm ähmiýetiniň bardygy barada döwlet Baştutanymyzyň aýdanlaryndan ugur alnyp, jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn nazara almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilip, halkymyzdan gelip gowşan teklipler içgin öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşynda milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmeginiň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmekde we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, bu özgertmeleriň jemgyýetimizde uly gyzyklanma döredendigini, giň goldawa eýe bolandygyny belledi. Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlament barada gelnen netijeler demokratik döwletimiziň adalatlylyk ýörelgesiniň we raýat jemgyýetiniň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkemegine täzeçe badalga berer. Halkymyz iki palataly parlament ulgamyna geçmek ýaly möhüm çäräniň maksadynyň raýatlaryň konstitusion hukuklaryny has ýokary derejede üpjün etmek bilen baglydygyna aňryýany bilen göz ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halkymyzyň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulýar. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen, ýurdumyzyň parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylýar. Bu hukuk resminamasyna laýyklykda, Esasy Kanunymyzdan 1 madda aýrylýar, 3 madda goşulýar, 27 madda bolsa degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem onda parlamentiň palatalaryny döretmegiň, maslahatlaryny geçirmegiň, kanunlary kabul etmegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlere bildirilýän degişli düzgünler beýan edilýär. Agzalan kadalaryň iki palatanyň hem sazlaşykly işlemegine amatly mümkinçilikleri döretjekdigi şübhesizdir. Olaryň käbirleriniň üstünde durup geçsek, Esasy Kanunymyzyň «Türkmenistanyň Mejlisi» atly III babynyň «Türkmenistanyň Milli Geňeşi» diýlip atlandyrylýandygyny, ilkinji nobatda, aýtmaly. Esasy Kanunymyzyň mazmuny täzeçe beýan edilen 78-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanylýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa, Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar.

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl. Şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň agzasy we deputaty bolup bilmez.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibiniň milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy hem aýratyn bellärliklidir. Esasy Kanunymyzyň 80-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahaty öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär. Mejlis öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär. Halk Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň agzalary we deputatlary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlary açylýança, öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary öz dessurlaryny kabul edýärler hem-de öz işiniň içerki tertip-düzgüniniň meselelerini çözýärler.

Konstitusiýanyň 80-nji maddasyndan soň, täze 801-nji we 802-nji maddalar goşulýar. 801-nji maddada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň maslahatlarynyň geçiriliş düzgünleri beýan edilýär. 802-nji maddada Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary dolulygyna beýan edilýär. Oňa laýyklykda, Halk Maslahaty Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär, ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, içeri işler we adalat ministrlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, şeýle hem parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar. Konstitusiýa we kanunlar arkaly Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Konstitusiýanyň 82-nji maddasynda Milli Geňeşiň aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip bilýändigi, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Milli Geňeş tarapyndan hökman garalmalydygy berkidilen. Agzalan madda laýyklykda, Milli Geňeş aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

  • Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;
  • jenaýat we administratiw kanunçylygy;
  • kazyýet önümçiligi.

Esasy Kanunymyzyň 83-nji maddasy

kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Ýokary kazyýete degişli edýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär. Şeýle hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hemde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary kabul edilip, oňa laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi, Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen bagly kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tamamlamak bellenildi. Agzalan karara laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriler.

Häzirki wagtda milli kanunçylygymyz täze kanunlar hem-de hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek arkaly has-da kämilleşýär. Bu babatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işiniň guralyşyny, onuň palatalarynyň we olaryň prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň hem-de deputatlarynyň iş tertibini, olaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň üstünde işlenilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Şeýle hem häzirki wagtda Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, «tegelek stollary» guramak hem-de ýerlerde, welaýatlarda, etraplarda düşündiriş işlerini geçirmek giň gerimde dowam etdirilýär. Bu çärelere Mejlisiň deputatlary, alymlardyr ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri we ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.

Nobatdaky ählihalk forumynyň çäklerinde «Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary kabul edilip, oňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda öňde goýan wezipeleri — Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem makullanyldy. Karara laýyklykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň öňünde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri yzygiderli amala aşyrmak barada täze wezipeler goýuldy. Milli Liderimiz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek wezipelerini öňe sürmek bilen: «Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris. Sebäbi, bu diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýar» diýip belledi.

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meselelerini öz içine

alýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň biri-de, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýanyň esasy maksady döwletiň, milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň institutlarynyň netijeli ösdürilmegi üçin amatly guramaçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýet bilen bagly, ýagny elektron resminamalary peýdalanmagyň hukuk esaslaryny belleýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygy babatda işiň hukuk esaslaryny belleýän «Aragatnaşyk hakynda», internet bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we maglumaty goramagy üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny agzamak ýerlikli bolar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde tassyklan Kararyna laýyklykda, dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna, şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda, olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi.

Degişli sanawda görkezilen, ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi, degişli sanawda görkezilen Kararyň birinji bendinde görkezilenden beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberde hak tölemek bellenildi. Şeýle hem degişli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet maksatnamalarynyň çäginde gurluşygy amala aşyrylýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýerleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmek degişli edaralara tabşyryldy.

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk ulgamlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary derejede goralýan, ýurdumyzyň ykdysady we kanunçylyk esaslarynyň binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Bularyň ählisi milli Liderimiziň parasatly we oýlanyşykly döwlet syýasatynyň üstünlikli amal edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Goý, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik we hukuk özgertmeleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

“Türkmenistan” gazeti.

 

tags: