ÖŇDENGÖRÜJILIKLI SYÝASAT

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ynsan saglygyny goramak maksady bilen, ilkinji nobatda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda maşgala lukmançylygynyň ornaşdyrylmagy, raýatlaryň meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegi, döwlet gaznasynyň döredilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny beýik sepgitlere ýetirdi.

Ýurdumyzda ençeme hassahanalar, şypahanalar we bejeriş-dynç alyş öýleri guruldy. Olar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Welaýatda keseli anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş lukmançylyk, «Ene mähri» merkezleri gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Ýurdumyzda bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ýylba-ýyldan durmuşymyza ornaşdy. Milli sportumyzyň ösdürilmegine, şeýle -de, raýatlaryň jan saglygynyň goralmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerine giň mümkinçilikler döredildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, sport mekdepleri we desgalary ulanmaga berildi. Halkara sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilip durulmagy, ýylyň ýylyna gazanylýan ýeňişleriň sanynyň köpelmegi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da pugtalanmagyna, sport ulgamynyň beýik sepgitlere ýetmegine oňyn täsirini ýetirdi.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, halkymyzyň saglygy Watanymyzyň beýik geljeginiň girewidir. Munuň üçin lukmançylyk ylmyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň hyzmatyndan peýdalanmak halkyň saglygyny berkitmegiň özeni bolup durýar. Halkymyz üçin welaýatlarymyzyň islendik şypahanasynda saglyklaryny dikeltmäge, dynç almaga ähli mümkinçilikler döredildi. Öňüni alyş we bejeriş merkezlerinde elektron resminama dolanyşygy hem-de ýurdumyzyň tebigy-klimatiki läbik bejeriji, balneologik şypahana edaralarynda netijeli işler ýola goýuldy.

Ynsan saglygy barada edilýän uly aladanyň ylmy esaslary mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserlerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan ylmy kitaplarynda türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýlaryň 50-den gowrak görnüşi iş tejribesine ornaşdyryldy.

Mähriban Arkadagymyz döwlet başyna geçen gününden başlap, sanlyja wagtyň içinde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde ilki bilen neşekeşlige, çilimkeşlige, arakhorluga, zyýanly endiklere garşy göreş alyp bardy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasynda bellenilen wezipeler hem yzygiderli amala aşyrylýar. Şol maksatnamanyň çäklerinde hem Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2013-nji ýylyň dekabr aýynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de beýleki kanunçylyk namalarynda temmäkä garşy göreşmek boýunça anyk kadalar bellenildi.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen dana pähiminiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wysal bolup, ilkinji nobatda, adam saglygyny gorap saklamak baradaky edýän aladalary üçin mähriban Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA,

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.