Dost-doganlygyň mekany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň dabaralaryna beslenýän günlerinde eziz Diýarymyzda ýaşaýan ildeşlerimiziň kalplary Watanymyzyň üstünliklerine bolan buýsançdan pürepürlenýär.

Allambergen BERDIŞUKUROW,
TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň bölüm müdiri:

— Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde giň möçberli işleri alyp barýar. Baş Kanunymyzda hem bellenilişi ýaly, milletine, dinine, jynsyna garamazdan, ýurdumyzyň hemme raýatlarynyň hukuklary deňdir. Olaryň azatlyklary, hukuklary kanun tarapyndan goralýar. TDP döwletimiziň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegine mynasyp goşandyny goşýar. Döwletimiziň raýatlarynyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty yzygiderli wagyz edýär. Ilkinji guramalarynyň, işjeň agzalarynyň üsti bilen halk hojalygynyň dürli pudaklarynda önümçiligiň ilerlemegine täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy — köp milletli gurama. Onuň düzüminde dürli milletleriň wekilleri bolup, olar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işeňňir gatnaşýarlar.

Meniň özümem arkama-arka Türkmenistanda ýaşap gelýän özbek milletiniň wekili, bagtly maşgalanyň eýesi. Bagtyýar durmuşym bar. Dört çaganyň atasy. Aýalym Muhabbet Hudaýbergenowa bilen olara guwanyp ýaşaýarys. Ýanýoldaşym gallaçy kärendeçi bolup, tutanýerli zähmeti bilen şu ýyl hem üç gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 47 sentner bugdaý hasylyny aldy. Hudaýa şükür, elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenen ýyly biziň üçin düşümli ýyl boldy. Şu ýyl biz ilkinji oglumyzy öýli-işikli edip, gaýynata we gaýynene bolduk. Şeýle bagtly günlerde halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza gije-gündiz alkyş aýdýarys.

“Watan” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: