Dost-doganlyk gatnaşyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýolunyň halkara ähmiýetini barha giňden açyp görkezýär. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli bu wakalar döwletimiziň, halkymyzyň ynamly şu güni, ygtybarly geljegi üçin alnyp barylýan syýasatyň nusgalyk ýollarynyň we tejribesiniň düýp mazmunyny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn orun berilýär.

Şu ýylyň 14-15-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar ýurt Baştutanymyzyň iň ýokary döwlet wezipesinde Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary bolup, iki dostlukly ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde täze ädim boldy. Munuň şeýledigini saparyň dowamynda gol çekilen bilelikdäki Beýannama we özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňe sürlen teklipler aýdyňlygy bilen tassyklady.

Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasy Merkezi Aziýa sebitinde ata Watanymyzyň dostlukly gatnaşyklary amala aşyrýan, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýän ygtybarly hyzmatdaşydyr. Ýurdumyz Özbegistan Respublikasy bilen abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmen-özbek ýurtlaryň hyzmatdaşlygy strategik we köp ugurly häsiýete eýedir. Bu babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde syýasy, söwda-ykdysady, senagat, ulag, energetika, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryny görkezmek bolar. Agzalan ugurlarda ýetilen sepgitler we bar bolan mümkinçilikler iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, bilelikdäki sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmaga ýardam berer.

Ýurdumyzyň daşary söwdasynda Özbegistan Respublikasynyň paýynyň uludygy aýratyn bellärliklidir. Ikitaraplaýyn gepleşiklerde soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 5 esse köpelendigi, diňe şu ýylyň ahyryna çenli özara söwdamyzyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimiziň bardygy, orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmegiň mümkindigi bellenildi.

Diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamyny görkezmek bolar. Has takygy, häzirki wagtda degişli ugurda iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi hereket edýär. Logistika pudagynda bar bolan giň mümkinçilikler Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini gazanmaga ýardam edip biler. Bu ugurda ýurtlarymyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýärler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek hem uly üns berilýän iri üstaşyr geçelgeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz iki ýurduň arasynda şu ýylyň 5 aýynda demir-ýol ulagy boýunça ýük dolanyşygynyň 15 müňden gowrak wagon birligine, awtoulaglar bilen bolsa 17 müňden gowrak birlige deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uludyr. Döwlet saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Oliý mejlisiniň başlygy bilen duşuşyp, iki döwletiň arasynda Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şu ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we birnäçe beýleki Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze kabul edilýän we goşmaçalar girizilýän kanunlary halkyň arasynda bolup wagyz-nesihat edýärler. Halkymyzyň abadançylygy ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Şatlyk Gurbandurdyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

13.08.2022 ý

 

tags: