DOST-DOGANLYK ÝÖRELGÄMIZ

Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzda ornaşdyrylýan özgertmeler mähriban halkymyzda ruhubelentlik we çäksiz buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler syýasaty ähli pudaklarda öňegidişlikleriň gazanylmagy bilen tapawutlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Çünki, bu ýyl Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilenine 25 ýyl dolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz döwletimiz dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şondan bäri hem ýurdumyz sebitde we dünýäde abadançylygy, parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny goldamak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.

Hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň halkara derejede möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de olary çözmegiň wajyp guraly hökmünde kabul edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry barha berkeýär. Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary diňe bir sebitiň däl eýsem, bütin dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen parasatly daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy strategik ugrudyr. 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka döwletleriň, halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň tarapdary hökmünde özüni tanadan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ähmiýetini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

24.11.2020 ý

tags: