DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HUKUK KEPILI

rkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet bolmak bilen, öz ösüşiniň ähli tapgyrlaryny kanunçylyk taýdan berkitmegi jemgyýeti kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürýär. Depginli hem-de giň gerimli ösüşleri, düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda döwletimiziň wekilçilikli edaralarynyň hem orny uludyr. Çünki halk köpçüligi bilen döwletiň arasyndaky sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda wekilçilikli edaralara köp zat bagly bolup durýar.

Raýat jemgyýetiniň möhüm ulgamlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty häzirki döwre çenli öz ösüşiniň dürli tapgyrlaryny geçdi. Ýaşulular maslahaty hökmünde-de, Halk Maslahaty hökmünde-de bu ulgamyň üsti bilen halkymyz garaşsyz döwletiň syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer binýatlarynyň ösdürilmegine, berkidilmegine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Milli döwletliligiň halkyň durmuşyna, däp-dessurlaryna laýyk ýörelgeleriniň kemala getirilmeginde Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny bellemeli. Döwlet berkararlygynyň kemala getirilmegine halkyň ýakyndan gatnaşmagynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik giňişliginiň biri bolan Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek barada syýasy-hukuk özgertmesiniň yglan edilmegi hem eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygynyň, milli demokratiýanyň çuňlaşýandygynyň alamatydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen täze syýasy-hukuk özgertmesini amala aşyrmak baradaky giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýan maksada amal etmek ýolunda ilerlemelere şert döredýär. Bu babatda söz açylanda, milli Liderimiziň öňe sürýän özgertmesiniň esasy üç ugruna göz ýetirmek bolýar. Bu maksatlar biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Esasy maksat iki palataly parlament ulgamyna geçmekdir. Ony amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek zerurdyr. Munuň üçin Konstitusiýa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek möhümdir. Ine, şeýle maksatlary öz içine alýan täze syýasy-hukuk özgertmesi ýurdumyzyň syýasy, demokratik, hukuk ulgamyna düýpli täsir edýänligi sebäpli, umumyhalk işine öwrülýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatdaky teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň dekabr aýynyň başynda geçirilen ikinji mejlisinde döwlet Baştutanymyz ösüşiň belentliklerine tarap mundan beýläk-de öňe gitmegiň gün tertibinde, hususan-da, döwleti dolandyrmak işini kämilleşdirmek, Watanymyz üçin aýratyn ähmiýetli çözgütleri işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak meseleleriniň goýuljakdygyny, şundan ugur alnyp, bu möhüm we jogapkärli işe halk köpçüliginiň giňden gatnaşmak meselesine birinji derejeli ähmiýet berilýändigini nygtady.

Esasy Kanunymyzda dünýewiligi we demokratiýany ugur edinýän döwletimizde kanunylyga daýanmak baş ýörelgeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dolandyryş düzümleriniň, ýerine ýetiriji hökümet ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy hukuk taýdan berkitmek başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. 2008-nji, 2016-njy ýyllarda düýpli konstitusion özgertmeleriň geçirilmegi, şunlukda, Esasy Kanunymyzda döwrüň ösüş tapgyrlarynyň hukuk esaslarynyň kesgitlenmegi ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde örän ynamly hem netijeli iş alyp barmaga şert döredýär. Bu hakda has anyk delillere ýüzlenmek, işiň düýp manysyny halkymyza has aýdyň düşündirmek zerur bolup durýar. Munuň özi täze syýasy-hukuk özgertmesini amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän esasy talabydyr. Döwlet, jemgyýet bitewi bir düşünjeden, biri-birine utgaşykly ulgamlardan ybarat diýip göz öňüne getirsek, şol bitewüligi üpjün edýän esasy binýatlaryň biri kanunlardyr. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny alyp görsek, ol ähli kanunlaryň gözbaşydyr, tutuş döwletiň, jemgyýetiň dolandyryş düzümleriniň ähli işinden, hereketinden başlap, her bir raýatyň hukuklaryna, borçlaryna çenli Esasy Kanunymyzda örän takyk hem-de anyk kesgitlenendir. Jemgyýetçilik, şeýle hem döwlet durmuşynda bolup geçýän hiç bir üýtgeşme, hiç bir täzeleniş ýurduň kanunçylyk binýadyndan üzňe galyp bilmeýär. Çünki Türkmenistan hukuk döwleti bolmak bilen, jemgyýetiň bitewüliginiň esasynda döwrebap, kämil kanunlar durýar. Halkyň durmuşyndaky iň ýönekeý özgerişden başlap, döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky täze ýüze çykýan ýörelgelere çenli ähli ýagdaýlar hukuk kesgitlemeleri arkaly berkidilýär, esaslandyrylýar. Ine, bir mysaly alyp göreliň, Türkmenistanyň «Türkmen Älem 520E» emeli hemrasy häzir älem giňişliginde ýurdumyzyň ösüşine hyzmat edýär. Aragatnaşygyň şeýle ýokary maglumat tehnologiýasy bolmadyk ýurdumyz üçin bu ugurda ýörite kanunçylygyň zerurlygy hiç mahal ýüze çykmandy. Häzir bolsa öz emeli hemramyzyň kosmos giňişliginde hereketini ýola goýmak üçin hökman öz milli kanunçylygymyzyň zerurlygyny durmuş görkezip dur.

Ýene bir mysala ýüzleneliň, Aşgabat — Türkmenabat aralygyndaky awtoban gurlup, işe başlansoň, onuň hereketini guramaçylyk we maliýe taýdan sazlaşdyrmak işi ýörite hukuk namalary esasynda amala aşyrylar. Şeýle mysallar sanardan köp. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ösüş depginleriniň, özgertmeleriň çaltlygy we yzygiderliligi kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegi, milli hukuk binýadynyň üstüni ýetirip durmagy talap edýär. Konstitusion özgertmeleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň sebäbi hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Kanunlar ösüş hereketini, döwletiň we jemgyýetiň hemme ugurlaryny janlandyrýan esasy ugrukdyryjylyk güýji bilen aýratyn orny bolan hukuk toplumydyr. Kanunlaryň hereketsiz galmazlygyny ýa-da olaryň bozulmazlygyny üpjün etmek babatda ýörite döwlet gurluşlary iş alyp barýarlar. Mysal üçin, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň esasy işi şunuň bilen baglanyşyklydyr. Emma jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna täsir edýän kanunlaryň hemme ýerde we her bir babatda ýerine ýetirilmegini gazanmak wezipesi kanun çykaryjy häkimiýete, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryna, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna-da gönüden-göni degişli bolup durýar.

Ýurtda bolup geçýän ägirt uly ösüş-özgerişler, durmuş-ykdysady kuwwatlyklaryň artmagy, önümçilik, senagat pudaklarynyň has giňemegi we tehnologik täzelikler esasynda has ýokary derejelere ýetilmegi, telekeçiligiň batly depginler bilen ösüp, halk hojalygynyň dürli ugurlaryna aralaşmagy kanun çykaryjylyk işiniň çaltlandyrylmagyny, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi döwrebaplaşdyrmagy talap edýär. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatdaky teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ikinji mejlisinde: «Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjymyzy öz wagtynda öňe sürendigimizi aýtmalydyrys» diýip, belläp geçdi. Täze özgertmäniň maksatlaryny deslapdan mälim etmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen ikinji mejlisinde: «Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder.

Deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer» diýipdi. Bu özgertmäni amala aşyrmak bilen baglanyşykly işler ýaýbaňlandygyça, onuň öz içine alýan maksatlarynyň has giň gerimlidigi we düýplüdigi barha äşgär bolýar.

Milli Liderimiziň konstitusion özgertmäni amala aşyrmaga dahylly düzümleriň, guramalaryň öňünde goýan wezipeleri iki palataly parlament ulgamyna geçilmeginiň Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyny has kämilleşdirmekde, demokratik ýörelgeleri döwrüň talaplaryna görä ösdürmekde örän möhüm ädimdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belläp geçişi ýaly, milli parlamentiň palatalarynyň her biriniň döwlet häkimiýetiniň düzümindäki ornuny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek, häzirki döwrüň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bu edaralaryň halka hyzmat etmegi üçin amatly hukuk giňişligini döretmek möhümdir.

Döwletiň we jemgyýetiň syýasy binýadyny pugtalandyrmakda ozal amala aşyrylan düýpli konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň dünýä derejesine laýyk ösüşlerini üpjün etmäge güýçli itergi berdi. Konstitusiýada kesgitlenen demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň kämil syýasy-jemgyýetçilik ulgamlaryny, raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini berkitmekde, ösdürmekde şol özgertmeleriň ägirt uly täsiriniň bolandygyny bellemek gerek. Özgertmeleri amala aşyrmakda örän oýlanyşykly döwlet syýasaty ýurdumyzyň parlamentiniň düzümini we hukuk ýagdaýyny döwrebaplaşdyrmagy, milli saýlaw ulgamynyň işjeňligini artdyrmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryş, döwlet häkimiýet we syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň işini döwrüň ösüş talaplaryna görä oňyn özgertmegi netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

Jemgyýetçiligiň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň syýasy gurluşyna iki palataly parlament ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly özgertmäniň üstünlikli amala aşyryljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Işleriň barşy muňa doly şaýatlyk edýär.

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

«Türkmenistan» gazeti.

 

tags: