AÝDYM-SAZLY DABARA

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara «Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat» diýen at bilen geçirilip, «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň wekilleri, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçylary, bilim işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary gatnaşdylar. 
Ýazyjy-şahyrlaryň gözel paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussatlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýasy eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini şöhlelendirdi. 
Maýa Ataýewa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy
“Watan” gazeti
08.05.2021 ý
 
tags: