Ýeňişli menzilleriň senesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly üstünlikler, belent sepgitler bilen şöhratlandyrýan türkmen halky bagtyýar ertirine barýar. Üstümizdäki ýylyň sözüň doly manysynda taryhy wakalaryň ýyly bolýandygyny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Şol taryhy wakalaryň birem Garaşsyz Türkmenistanymyz bilen bir ýylda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 30 ýyllygynyň dabarasydyr.

Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde partiýamyz ata Watanymyzyň syýasy taýdan berkararlygyny ykdysady taýdan kuwwatlylygyny wagyz etmekde, jemgyýetimizde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda uly işlere özüniň saldamly goşandyny goşdy. Şanly senä taýýarlyk görülýän günlerde partiýamyzyň etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde baky Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, partiýamyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygy barada giňişleýin gürrüň berýärler. Biz şanly ýylymyzyň şu iki guwançly senelerini taýýarlykly garşylap, guramaçylykly geçirmegi maksat edinýäris.

Çary Öwezow, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

02.12.2021 ý

 

tags: