Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň durmuşynda iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürleriň biri bolan gowaça ekiş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Welaýatyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl 950 gektar ýerde gowaça ekmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde ekiş işleri 60 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Ekişi öz wagtynda, doly tamamlan zähmet toparlary-da bar. Döwletgeldi Şammyýewiň ýolbaşçylyk edýän 9-njy, Şamyrat Rahymowyň ýolbaşçylygyndaky 10-njy, Kamalladdin Ataşowyň garamagyndaky 12-nji toparlarda bolsa ekiş ahyrky gektarlarda alnyp barylýar. Ýokary öndürijilikli işledilýän tehnikalar hem babadaýhanlaryň ýakyn ýardamçysy bolup durýar. Şu tehnikalaryň kömegi bilen her günde gowaça ekilýän meýdanyň möçberi 35 — 40 gektara ýetýär.

Pagtaçy kärendeçiler özlerine döredilip berilýän şertler üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş aýtmak bilen, zähmet öndürijiliklerini has-da artdyrýarlar.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

03.05.2022 ý

 

tags: