EKINIŇ IDEGI ÝETIRILÝÄR

Geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini üstünlikli tamamlan Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary häzirki günlerde ekiniň idegini birkemsiz ýerine ýetirýärler. Etrap boýunça däne ekilen 31 müň gektardan bol hasyl almak üçin ýer eýeleri kadaly gögeriş gazanylan meýdanlara suw tutmak we beýleki işleri ylmyň gazananlary, agrotehnikanyň kadalary esasynda alyp barmaga uly ähmiýet berýärler.

Ekiniň kadaly gögermegi we sagdyn ösmegi üçin daýhan birleşikleriniň miraplarydyr hünärmenleri, mehanizatorlary hem yhlasly zähmet çekýärler. Degişli oba hojalyk tehnikalarydyr gurallarynyň we degişli serişdeleriň üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde berjaý edilmegine şert döredýär.

Etrabyň «Bugdaýly», S.A.Nyýazow adyndaky, «Abadan» daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda, esasan-da, tohumlyk bugdaý ýetişdirilýär. Şoňa görä-de, agzalan hojalyklaryň daýhanlary ekiniň idegine has jogapkärçilikli çemeleşýärler. Olar bu işde ozalky ýyllarda toplan baý tejribelerine daýanýarlar. Munuň özi ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär.

Agow Gowşudow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

06.11.2020 ý

tags: