Eltiler (Durmuş pursatlary)

Ogulsabryň Perman bilen durmuş guranyna esli ýyl geçse-de, näme üçindir, bulardan perzent önüberenokdy. Ýüz tutulmadyk lukman, barylmadyk tebip galmandy, ýöne olaryň hiç birinden hem netije bolmandy. Agtyk söýmegi aňryýany bilen isleýän hem bolsalar, gaýynenesi Ogulsabyr bilen Permanyň ýanynda bu barada hiç dil ýarmady. Ýöne şeýle-de bolsa, Ogulsabyr olaryň agtyk söýmegini, özüniň perzentli bolmagyny tüýs ýürekden isleýärdi. Ýolda-yzda eli bäbekli gelinlere duşanda, olara gözügidijilik bilen seredenini duýman galýardy.

Ýüwürjisini öýerip, toý tutanlaryndan iki-üç aý çemesi geçensoň, täze gelniň toýludygy baradaky habar maşgalanyň ählisini begendirdi. Ogulsabyr edil özi bäbekli bolmaly diýlen ýaly, eýýämden geljek bäbege garaşyp başlady. Eltisini öýüň hysyrdyly işlerinden goraglap, ähli işleri öz boýnuna aldy. Günler yzly-yzyna tirkeşip geçdi, aýlar dolanyp, bäbejigiň dünýä inmeli pursaty-da golaýlady. Aýy-güni dolup barýan Akmaýa gelin indi has-da maşgalanyň üns merkezindedi. Goňşy otagda bolýan eltisiniň gapysy açylsa, ylgap otagyndan çykýan Ogulsabyr indi gijelerine-de rahat uklap bilenokdy. Uzyn gyş gijeleriniň agramly bölegini uklaman diňşirgenip geçirerdi. Ahyryn, gyşyň aňzakly sowuk gijeleriniň birinde oýaly-ukuly ýatan Ogulsabryň gapysy çalaja kakyldy. Ogulsabyr tisginip turdy-da, gapyny howlukmaçlyk bilen açdy. Gapynyň daş ýüzünde duran ýüwürjisinden gysgajyk habary alan gelnejesi haýal etmän eltisiniň ýanynda häzir boldy. Onýança, bularyň ýanyna gelen gaýynene gelniň ýagdaýyny görüp, tiz kömege garaşyp oturmagyň eýýäm giçdigine göz ýetirip, ogluna öz ulagyny gapa getirmegi, haýal etmän bäbekhana ugramagy tabşyrdy. Gyssagara geýnen Ogulsabyr eltisini goltuklap ulaga mündi.

Bäbekhananyň öňünde iki-ýana gezmeläp, hoş habara garaşýan Ogulsabryň gözleri gapydan aýrylanokdy. Ahyryn ak ýektaýly lukmanyň: «Buşluk, gyzyňyz boldy!» diýen şatlykly sesi eşidildi. Ogulsabyr bilen ýüwürjisi ylgap baryp, buşlukça söýünji berdiler. Enäniň we çaganyň ýagdaýy bilen gyzyklandylar. Bäbejigiň ýagdaýynyň gowudygyny, ýöne dogrum ýagdaýy kynrak geçen Akmaýanyň ýagdaýynyň biraz agyrdygyny eşidip, Ogulsabyr alada galdy. Lukmanlar birnäçe günden soň bäbejigi öýe alyp gitmegiň mümkindigini, emma Akmaýanyň tabynyň pesligi sebäpli entekler hassahanada bejergi almalydygyny aýtdylar. Ogulsabyr bäbekhananyň gapysynda tä eltisi aýaga galýança täze doglan bäbejige özüniň birkemsiz seretjekdigini äht etdi.

Ogulsabyr gyzjagaza enelik mähri bilen seredip, oňa ýörite körpejelere niýetlenen emeli süýdüň iň ýokumlysyndan berip, wagtly-wagtynda naharlaýardy. Gyzjagaz gününi sanap ulalyp barýardy. Oňa Mähriban diýip at dakdylar. Ogulsabryň yhlas bilen eltisiniň bäbegine seredişini synlap ýören gaýynenesi bir tarapdan oňa guwansa, beýleki tarapdan onuň perzentsizligine gyýylýardy...

Lukmanlar Akmaýanyň saglygyny goramak üçin elinden gelenini etdiler. Olaryň päk ýürekden eden yhlaslary ýerine-de düşdi. Akmaýa gelin öýlerine saglyk bilen dolanyp geldi. Begenjinden ýaňa iki bolup bilmän ýören Ogulsabyr gyzjagazy mähir bilen getirip, ejesiniň gujagyna goýdy. Emma bäbejik ejesiniň gujagynda uzak durmady. Biynjalyklyk tapyp, şol jägildäsi geldi durdy. Ogulsabyr eline alanda bolsa, rahatlandy, onuň ýüzüne seredip, bir enaýyja ýylgyrdy. Akmaýa: «Wiý, büý-ä tüýs gelnejesiniň gyzy bolaýypdyr» diýip, ýylgyrdy.

Aý aýlanyp, ýyl dolandy. Mähriban iki ýaşyna ýetiberende, Akmaýa ýene-de hamyla boldy. Bu gezek onuň ogul bäbejigi dünýä indi. Ogulsabyr öňküsi ýaly eltisi tä çileden çykýança, oňa yhlas bilen kömekleşdi. Gelinleriniň biri-birine hormat goýşuna guwanyp oturan gaýynenäniň begenjiniň çägi ýokdy.

Bir gün öýlänler aşhanada nahar ataryp ýören Ogulsabyr birden bimazalyk tapyndy. Ilkibada ol nähilidir bir ýakmaz zat iýendirin öýtdi. Emma şol gün bu ýagdaý ýene-de gaýtalandy. Gelniniň bolşuny gowulyga ýoran gaýynene oňa haýal etmän lukmana görünmegi maslahat berdi. Şol güniň ertesi ir bilen eltiler saglyk öýüne bileje gitdiler. Lukmanyň otagyndan ýylgyryp çykan Ogulsabyr şatlygyndan ýaňa eltisini garsa gujaklady. Oňa lukmandan eşiden hoş habaryny buşlady. Akmaýa eltisiniň şatlygyny deňje paýlaşdy. Öýe gelenlerinde Ogulsabryň basym ene boljakdygy baradaky hoş habary Akmaýa gaýynenesine ilki buşlady. Ene begenjinden hamsyganyny özü-de duýmady. Ahyryn özüne-de ene bolmak bagtynyň miýesser etjekdigine guwanyp oturan Ogulsabyr şatlygyna bäs gelip bilmän, häliden bäri ýanyndan aýrylyp bilmän oturan Mähribanjygy bagryna basyp, ýaňajyklaryndan taýly gezek ogşady.

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

09.02.2022 ý

 

 

tags: