Ýer görki — galla

Yhlasly zähmet çekýän daýhanlarymyz bu ýyl hem galla oragyna taýýarlykly geldiler. Olaryň ýetişdiren altynbaş bugdaýly meýdanlaryny synlanyňda kalbyň guwançdan dolýar.

Bereketli hasyly ýetişdirmegiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhana hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek barada edýän ýadawsyz aladalary, şonuň ýaly-da topraga irginsiz hyzmat eden adamlaryň zähmeti ýatyr. Bu üstünlikler sazlaşykly işleriň netijesinde gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde oba ýaşulularynyň «bismillasy» bilen başlanylan galla oragy Ahal welaýatynda-da gyzgalaňly dowam edýär.

Ahally daýhanlaryň gallaly meýdanlardan bol hasyl aljagyna ynamy uly. Welaýatyň Sarahs, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň gallaçy kärendeçileri ýerden bol hasyl ýetişdirmekde beýlekilerden tapawutlanýarlar. Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygy 86 gektar meýdana bugdaý ekip, her gektardan 45,7 sentner hasyl almagy başardylar. Meýilnamalaýyn borçnamalaryny 197,4 göterim ýerine ýetirdiler. Sarahs etrabynyň «Maýsaly sähra» daýhan hojalygy öňlerinde goýan meýilnamalaýyn borçnamalaryny 138, 9 göterim amal edip, her gektardan 29,1 sentner hasyl almagy başardylar. Kaka etrabynyň «Arzuwlara ýeten» daýhan hojalygynyň, Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň, Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýetişdirilen hasylyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda zähmet çekýärler.

Türkmen topragyndan rysgal-bereketiň rehnet arygy akýar. Bu topraga yhlas etseň, zähmet çekseň, miwesini bolluk bilen eçilýär. Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralaryndan, bereketli ýaýlalaryndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmeti bilen baýamaga döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Tehniki hyzmatyň, döküniň, tohumyň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli bahalardan berilmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil hem-de ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynýandygyny, daýhanlar bilen öndürilen önüm üçin hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilýandigini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Döredilen giň mümkinçilikler oba zähmetkeşlerini bol hasyl ýetişdirmäge ruhlandyrýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy ýurdumyzyň ähli kärendeçi daýhanlarynyň baş maksady. Ýagşy maksat bolsa daýhanlarymyza abraý getirýär. Rysgal-bereketiň gözbaşy bolan guşgursak ak bugdaýyň her dänesini zere deňeýän ruhubelent babadaýhanlarymyzyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edip, arzyly pellehana abraý bilen ýetjekdiklerine ynamy uly.

Harmanyňyza bereket, edermen gallaçy daýhanlar!

Kümüş Mätnyýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

18.06.2022 ý

 

tags: