EZIZ TÜRKMENISTANYM!

Belent başly daglary bar, jana şypa howasy,

Bagtyýarlyk, berkararlyk bagtly günleň güwäsi,

Goý, gülletsin gül görküňi ýüregimiň dogasy,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

 

Ymgyr sähram Garagumum durşy bilen hazyna,

Bahar gelse, gülleň ysy ýaýrar gider Zemine,

Arzuw etmiş Magtymguly, Mollanepes, Kemine,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

 

Iň bir gözel ýerle riňde eglenýär göz-nazaryň,

Gülzara döndi arasy Jeýhun bilen Hazaryň,

Görüň bu gün rysk eçilýär bereketli topragyň,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

 

Sowulmajak ýazlaryň, bagtly ajap çagyň bar,

Al-asmanda buýsanç bilen pasyrdaýan Tuguň bar,

Ýurt başynda Gahryman hem eziz Arkadagyň bar,

Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Türkmenistanym!

 

Täçmyrat Mätgeldiýew, TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

“Watan” gazeti

27.11.2021 ý

 

 

tags: