GÜL GÖRKÜŇ BAGTYŇ NYŞANY

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäginde durmuş maksatly binalar toplumynyň açylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuna ganat baglady. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzy, gül açýan oba-şäherlerimizi synlanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen eşretleriniň many-mazmunyna has aýdyň göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, gözel paýtagtymyzyň täze keşbinde bagtyýarlygyň öwüşginlerini kemala getirýän hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan bagtly durmuşyň nyşanyna öwrülen Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde açylan binalar özüniň gaýtalanmajak bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde täzeçil tehnologik çözgütleri özünde jemleýän hem-de ynsanyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri göz öňünde tutmak bilen gurlan ýaşaýyş jaýlar, giň we ýagty köçeler, milli gymmatlyklarymyzyň biri hökmünde sarpalanýan alabaýymyzyň hormatyna döredilen ajaýyp heýkel we iň ýokary ülňülere laýyk gelip, adynda we özünde Zemin eşretlerini jemleýän «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi görenleri haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp, müňden gowrak maşgala üçin täze durmuşyň gapysyny açan ýaşaýyş jaýlaryndan, durmuş-medeni maksatly desgalardan we döwrebap düzümden ybarat bolan täze ýaşaýyş toplumy döredildi. Bu ýerdäki binalaryň tutuşlygyna ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurulmagy hem ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň görkezijisidir.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, ak şäherimiz Aşgabatda döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylmagy, hakykatdan hem, döwletli döwranyň nyşanydyr. Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde täze binalaryň ulanylmaga berilmegi baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyny artdyrdy. Bu ýerde halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, guralan toý dabaralary we milli däp-dessurlarymyz gadymy ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilip, täze ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň şatlykly wakalara beslenjekdigini alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň gurmak we döretmek syýasaty netijesinde sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzyň çäginde emele gelen medeni-durmuş maksatly toplumlar, gözel seýilgähler, daş-töwerege görk berýän dürli görnüşli binalar, suw çüwdürimleri, giň köçeler, harytlaryň we hyzmatlaryň ähli görnüşlerini hödürleýän söwda-dynç alyş merkezleri, kaşaň myhmanhanalar, döwrebap edara binalary ýurdumyzda ynsanyň bagtly durmuşda ýaşamagy hakynda edilýän belent aladanyň nyşanydyr. Aşgabady ösdürmegiň her bir tapgyrynyň gurluşygynda bir-birine meňzemeýän bezeg aýratynlyklaryna we binagärlik çözgütlerine uly ähmiýet berilmegi netijesinde olaryň gaýtalanmaýan keşbi emele gelýär.

Döwlet Baştutanymyz binalar gurlanda olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, döwrebap yşyklandyryjylaryň oturdylmagyna, gök zolaklaryň döredilmegine, şäheriň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigine hemişe ünsi çekýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze medeni-durmuş desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda möhüm orna eýe bolýar.

Bu gün gözel keşbiniň waspy dillere dessan bolup, şahyrlara we sungat ussatlaryna ylham berýän paýtagtymyzyň ençeme binalary özboluşly aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýeri gelende, Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alnandygyny bellemek gerek. Bu bolsa paýtagtymyzyň görkana keşbiniň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň tassyknamasydyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan tutulýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli oba-şäherlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň ençemesi yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa her bir raýatyň bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda edilýän irginsiz aladanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda açylýan desgalar, geçirilýän dabaralar halkymyzyň ruhuna ruh, buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşup, mukaddes Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza, ata Watanymyza söýgiňi atdyrýar.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: