Göterildi ol ykbaly türkmeniň

Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany bolan türkmen döwleti Parasatly döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragynda bu ýyl ata Watanymyzy şöhratlandyrjak uly toýumyz-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Şu döwrüň içinde geçilen ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan, deňi-taýy bolmadyk ägirt uly täzeçillik hem-de uzak möhletleýin wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi.

Her bir  ýyl taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýar: jemgyýetçilik – syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň hakykatdan hem şeýledigini  dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň, döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen Baş ýörelgesine laýyklykda ýurt möçberinde amal edilýän işler  aňryýany bilen subut edýär.

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda beýik Garaşzyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan berkarar döwletimizde eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany bolup, bu mukaddes ýol-ýörelgäniň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugruna öwrülendigine  aýdyň şaýatlyk edýär.

Nusgawy  türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly ajaýyp şygrynda beýan edişi ýaly;

    “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

      Göteriler ol ykbaly türkmeniň”

diýip wasp edilen, halkymyzyň özygtyýarly döwlet hakyndaky köpasyrlyk arzuwynyň  hasyl bolmagy mynasybetli, halkara derejesinde uludan tutuljak ýubileý toýumyzyň buýsançly dabaralary, Oguzhan atamyzdan gaýdýan ýörelgä eýerilip, bir Başa uýup bilýän merdana halkymyzyň, durnukly ösüşe eýe bolan goşa ganatly ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene bir gezek bütin dünýä  aýan eder. Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyga açyk bolan Türkmenistan demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklady, kuwwatly hem-de berkarar döwlet hökmünde syýasy giňişlikde özüniň abraýyny ep-esli berkitdi. Ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz, dünýäde iň bir bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi.Bagtyýar türkmen halky giň möçberli özgertmeler we rowaçlyk hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede garşylamaga şu günlerden taýýarlyk görýär.  

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen 2021-nji ýyl-“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip ýörite  Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy!  Şu jähtden hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabr güni kabul eden Kararyna laýyklykda 2021-nji ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýyly diýlip yglan edildi. Her bir geçen ýylyň biri-birinden zyýada gelmegi ata Watanymyzda indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyz ýyllary ösüşlere besleýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda Watan öňündäki mukaddes borjuna aňryýany bilen düşünýän janypkeş Watandaşlarymyz özleriniň asylly zähmeti bilen işjeň gatnaşýarlar. Munuň aňyrsynda bolsa merdana halkymyzyň ilkinji nobatda Watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan Wepadarlyk Kasamyna baky ygrarlydygy dur.

Öňdengörüji syýasatçy, Hormatly Prezidentimiz özüniň Täze 2021-nji ýyl mynasybetli aýdan Mübärek gutlagynda –“Goý, Täze ýyl ýer ýüzünde parahatçylygyň ýylyna öwrülsin!” diýip ýer ýüzüniň ähli halklaryny parahatçylyga çagyrdy. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir türkmenistanlynyň ruhy baýlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýe boldy.

Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän ähli teklipleriň we başlangyçlaryň Dünýä Bileleşigine agza Döwletler  tarapyndan hemişe-de gyzgyn goldawa eýe bolýandygyna indi  ençeme gezek gözli şaýat bolýarys. Çünki parahatçylygy we ynanyşmaklygy gazanmazdan, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine BMG-ä agza döwletleriň ähli syýasatşynaslary hem-de  döwlet Baştutanlary doly göz ýetirdiler. Şu jähtden hem “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ata Watanymyz bilen iki taraplaýyn hem-de köp taraplaýyn özara bähbitli syýasy-ykssady we diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän döwletleriň sany barha artýar.

Golaýda, has takygy 5-nji iýul güni, ýokary wezipeli myhmanyň ýagny,  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 75-nji  mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyryň  Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilmegi hem muňa  doly şaýatlyk edýär.  Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Duşuşygyň barşynda ýokary wezipeli myhman Gahryman Arkadagymyzyň ähli teklipleriniň we başlangyçlarynyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan  gyzgyn goldanylýandygyna we ata Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyna  ygrarlydygyna  şeýle hem  BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynyň 17-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Gün tertibinde seredilmeli meseleleriň ählisini ýetip gelýän mukaddes baýramçylyklarymyza bagyşlady. Onda öňde duran wezipeler, şu ýylyň ikinji ýarymynda daşary syýasy işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan  senagat, medeni we durmuş maksatly täze binalaryň, geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy we medeni-köpçülik çäreleriň guramaçylyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Mejlisiň barşynda meýilleşdirilen bu möhüm syýasy ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen bagly  ýörite Guramaçylyk topary hem  döredildi.

 “Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän günlerimizde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini, awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbeýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçireris, bu çäre esasy üç taraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam berer” diýip Arkadag Prezidentimiz nygtady. “Olardan başga-da ýurdumyzda ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji forumyny, Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmegi hem göz öňünde tutýarys”  diýip milli Liderimiz buýsanç bilen belledi.

Mahlasy, 6-njy awgust güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6-sany möhüm halkara çäresi geçiriler. Olar; Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan,  Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.  Munuň  özi gülleýän we gül açýan, okgunly ösýän ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýyp, ekologiýa taýdan arassa howa gurşawynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň indi Halkara derejesindäki çäreleriň geçirilýän  ýerine öwrülýändigini äşgär eder.

Merdana türkmen halkynyň Gahryman Arkadagy, özüniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynyň girişinde.-“Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň  güýjüne esaslanýanlygyndadyr.” diýip ýazýar. Şeýle ajaýyp jümleden ruhlanan Watandaşlarymyz “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde uludan toýlanyljak  2021-nji ýyly, özleriniň asylly zähmetleri bilen  şöhratlandyrmak bilen bagly depginli işleriň gözbaşynda bolýarlar.

Çünki, Alym Arkadagymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat-ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar” diýip bellemegi bizi ýagty geljege tarap nurana ýollara  atarýar. Şonuň netijesinde hem Arkadagymyzyň- halkyň Baştutany hökmünde we halk bilen bilelikde alyp barýan parasatly syýasaty dünýäde nusgalyk derejede ösüşlere eýe boldy.

Goý, goşa ganatly güneşli Diýarymyzda Hakdan Halatly, Gahryman Arkadagly  türkmen ilimde toýlarymyz-toýa ulaşsyn! Toý şatlygy hemişe goşalanyp gelsin! Joşgunly aýdym-sazlaryň belent owazy bütin dünýä  ýaň salsyn!

Goý, türkmen halkyny beýik maksatlara ruhlandyryp, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, Garasyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sarpasyny has-da belentlere göterýän, güneşli Diýarymyzyň asmanyny arassa, zeminini parahat saklaýan, merdana halkymyzy bolelin, we eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, röwşen ömri uzak, belent Başy aman bolsun!  Halk bähbitli ähli tutumlary hemişe  rowaçlyklara beslensin!

Täçmyrat REJEPOW, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

31.07.2021 ý

 

tags: