GAHRYMAN PEDERLER WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASYDYR

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramy berkarar Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ynsanperwer syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmasydyr. Bu baýram umumadamzat ýaşaýşynyň asuda geljegine ynamyň baýramydyr, gapma-garşylyklary diňe gepleşikler arkaly çözmäge, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga çagyrýan, çuň paýhasy şöhratlandyrýan baýramdyr.

Dünýä halklarynyň ylalaşykly ýaşamakda, ählumumy ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek ýaly, umumy maksatlaryna goşant goşmakda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugry bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga gönükdirilen adalatly ideýalarynyň ähmiýetini we esasy maksadyny halkara jemgyýetçiligine giňden aýan edýär.

Mähriban Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüji döwlet syýasatynyň düýp mazmunynda pederleriniň hakydasy, ruhy bilen kalbyna ornan ynsanperwerligi görmek bolýar. Pederinden eşiden, ýaşlykdan aňyna ornaşan, ýüreginiň üstünden geçen 1941—1945-nji ýyllaryň urşy baradaky ýatlamalar mähriban Arkadagymyzyň kalbynda hemişelik orun alyp, adam ömrüniň, halkyň ykbalynyň belli-belli pursatlaryny pajygalaryň jümmüşine tarap sowan uruş ýyllarynyň ýeňil bolmadyk durmuş ýollary, jeňbazlygyň garşysyna çykýan ýagşy päl, çylşyrymly döwürde adamyň ahlagynyň, terbiýesiniň, adamçylyk derejesiniň tutýan orny, halkyň ruhunyň birleşmeginden, adamlaryň bir-birege raýdaşlygynyň has aýdyň ýüze çykmagyndan bütin jemgyýetde döreýän umyt, gaýrat baradaky çuňňur garaýşy kemala getirendigini aýan edýän ýagdaýlaryň biziň şu günki bagtyýar durmuşymyzyň binýady bolup durýandygyna düşünmek kyn däl. Şoňa görä-de, mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty her bir adama düşnükli, has ýakyndyr.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr ýüküni çekmedik maşgala ýok bolsa gerek. Uzaklarda, jeň meýdanynda galan hossarlarynyň, ogullarynyň, doganlarynyň, ýanýoldaşlarynyň hasratyny ýüreginde göteren, tä ömrüniň ahyryna çenli olaryň ýoluna göz diken pederler, ene mamalar häzir biziň aramyzda seýrekledi. Çünki urşuň ýeňiş bilen tamamlananyna 75 ýyl dolýar. Şunça ýyllar ara düşse-de, urşuň salan ýarasy nesilleriň aňyndan gitmeýär. Hakydalarda, ýatlamalarda, kitaplarda, kinofilmlerde, suratlarda, ýaşulularyň gürrüňlerinde urşuň adamzadyň başyndan inderen külpetleriniň halklaryň ýaşaýşyny iň agyr, iň howply pursatlara öwürýändigi beýan edilýär. Şol sebäpli pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň uruş ýyllarynda çeken jepasyny, gören horlugyny unutmak bolmaýar. Uruş ýyllarynyň ýatlamalary parahat

durmuşyň gadyryny bilmäge, asudalygy goramakda borjuňa düşünmäge, eziz Watanyň, mähriban halkyň gülläp ösmegine goşant goşmak maksady bilen, ýaşamaga, işlemäge güýç-gaýrat berýär. Peder ýollary watansöýüjiligiň, gaýratlylygyň beýik nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Döwlet guşy» romanynda şeýle ýazýar: «Romanda çagalygy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen mähriban kyblamyň ömrüniň diňe bir ýarym ýyly — urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny — iner ýüküni gerdenine alyp galan we ol ýüki şirin janyna döz gelip, gije-gündiz ýatman çeken, oba adamlaryna-da ýadawsyz, yhlasly kömek eden döwri...

Men çagalykda mähriban kakamyň şol agyr geçen ýyllar hakdaky gürrüňlerini kän diňledim. Ol ýyllar kakama taplanyş, kämillik mekdebi bolupdyr. Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Kalbyma dolan şol guwanç, buýsanç duýgularyny durmuşa, Watana, il-ulsuma çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, meni üstünliklerden üstünliklere atardy, bagta eltýän çelgi boldy, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde maňa hemaýat-goldaw berdi».

Ine, şeýle pikir-düşünjeler bilen kemala gelen, terbiýelenen, türkmen halkynyň, Türkmen döwletiniň şu günki hem-de geljekki ykbalynyň aladalaryny merdanalyk bilen ömür ýoluna öwren Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga garaýşynyň örän çuňdugyna we örän aýdyňdygyna göz ýetirmek kyn däl.

Uruş we parahatçylyk, bu iki düşünje bir-birine doly gapma-garşy bolany üçin, olaryň adamzadyň durmuşyna, jemgyýetleriň ösüşine edýän täsiri-de bütinleý tapawutlydyr. Urşuň apatlaryny sanap geçmän, oňa derek parahatçylygyň döredýän ösüşlerini agzamak has ýakymlydyr hem-de buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna parahatçylyga buýsanyp ýaşamak bagtyny, bagtyýar durmuşy bagyş etdi.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamda, halkara gatnaşyklarynda, halkyň ýaşaýyş durmuşyny ösdürmekde, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýeten belent derejesi milli Liderimiziň parahatçylyga gönükdirilen syýasatynyň gös-göni netijesidir. Hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary hemmetaraplaýyn dogry guramagy başarandygynyň ajaýyp miwesidir.

Öz wagtynda, çalt depginde döredilen ykdysady önümçilik düzümleri, amala aşyrylan ägirt uly halkara derejeli ykdysady taslamalar bir hakykaty anyk ýüze çykarýar, hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň döwlet Baştutany hökmündäki taryhy ornunyň haýsy tarapdan alanyňda-da bimöçber uludygyny aýan edýär. Ýurduň Prezidenti hökmünde ösüşleri üpjün etmekden, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekden başga-da, halkyň we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde il bähbitli belent maksatlar, dünýä ähmiýetli başlangyçlar babatda oňyn garaýyşlaryň döremegini, goldawa eýe bolmagyny gazanmak üçin uly zehiniň, çuň paýhasyň, sabyr takatlylygyň we giň dünýägaraýşyň zerurlygyny döwür örän takyk görkezýär. Çünki häzirki döwürde dünýä ýagdaýlary çylşyrymly bolmagynda galýar. Halkara giňişliginde bähbit aramak meýilleri deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary guramakda çözmesi aňsat bolmadyk meseleleri ýüze çykarýar. Ykdysady integrasiýanyň güýçlenmegi, ýurtlaryň durmuş-ykdysady, maliýe, maýagoýumlar babatda bir-birine baglylygynyň artmagy netijesinde, ösüş meselelerini çözmek, global ykdysadyýetiň durnuklylygyny saklamak ýaly wajyp wezipelerde tagallalaryň umumylaşmagy döwrüň talaby bolup orta çykýar. Şeýle talaplary göz öňünde tutup, dünýäniň ykdysady gatnaşyklarynyň hatarynda ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň meselelerini çözmäge gatnaşmagy babatda umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýän, bu ugurda ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirýän milli Liderimiziň görnükli syýasatçy, öňdengörüji döwlet Baştutany hökmündäki orny gürrüňsiz uludyr.

Hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini we onuň gurluşynda hil taýdan öňe ilerlemegi, şeýle hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmegi, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmagy üpjün etmäge ýardam berjek iri milli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belläp geçýär. Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ýokary derejede ösdürmek, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistraly, Serhetabat — Turgundy demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat şäherlerindäki halkara howa menzilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, Türkmenistan—Eýran, Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, Mary şäherindäki karbamid zawody, Owadandepedäki aýna kombinaty bar. Soňky bir-iki ýylda Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Gyýanlydaky gaz himiýa toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän

dünýäde ilkinji zawod bu desgalaryň üstüni ýetirdi.

Telekeçiligi ösdürmekde, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete geçmekde häzirki döwürde durmuşa geçirilýän özgertmeler parahatçylykly ösüşiň biziň durmuşymyzy hil taýdan düýpli täzeleýän, örän derwaýys maksatnamalardyr. Ýurdumyzdaky özgerişler asuda ösüşiň keşbidir. Döwletiň we jemgyýetiň ähli mümkinçilikleriniň parahatçylykly ösüşe gönükdirilýändiginiň alamatydyr. Haýsy bir ugry alsaň, her bir işiň özeninde döwlet syýasatynyň baş ugry bolan parahatlyk söýüji, ynsanperwer maksatlar hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň many-mazmunyny şöhlelendirip aýyl-saýyl bolup durandyr. Biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hemmesi diýen ýaly parahatçylykly ýaşaýşyň serişdeleridir. Gurulýan ähli desgalar parahatçylykly maksatlara hyzmat etmäge niýetlenendir. Ýollarymyz asuda, dostlukly gatnaşyklaryň ýoludyr. Asmanymyz parahatçylykly uçuşlara ýol berýän giňişlikdir. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoludyr, hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň üýtgewsiz ugrudyr.

Döwlet, jemgyýet, halk barada pikir edeniňde, bu düşünjeleri bitewüleşdirýän, jebisleşdirýän syýasy ýörelgeleri kemala getirmegiň, döwletiň syýasy hukuk binýatlaryny berkitmegiň esasy wezipe bolup öňe çykýandygy hakda oýlanýarsyň. Eýsem, mähriban Arkadagymyzyň özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmak arkaly has ösdüren, berkiden, kämilleşdiren milli demokratik ýörelgeleriniň aýratynlygy nämede? Bu sowalyň jogabyny Türkmenistanyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynyň, halkyň ýaşaýşynyň, raýat jemgyýetiniň, döwletimiziň ösüşiniň her bir ugrunda görmek mümkindir. Ýurtda işjeň hereket edýän demokratik ýörelgeler, döwlet syýasatynyň ähli maksatlary, jemgyýetçilik aňyna täsir etmäge gönükdirilýän wagyz-nesihat, medeni-köpçülik işleri esasy maksada — «Döwlet adam üçindir!» diýen maksatnamalaýyn ýörelgä hyzmat edýär. Tagallalary bir maksada gönükdirip, umumyhalk bähbitlerini göz öňünde tutýan demokratik ulgamy döretmek häzirki döwürde asla ýeňil wezipe däl. Çünki jemgyýet bir galypdan ybarat düşünjeleriň çygrynda hereket etmekden has çylşyrymlaşdy. Aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösen derejesinde, adamlaryň habarlylygynyň artmagy, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda dürli ösüş ýörelgeleri (mysal üçin, hususy işewürlik) netijesinde ýüze çykýan özgerişler jemgyýetiň aňyýet ösüşine täsir edýär. Dürli pikirler, dürli garaýyşlar jemgyýetçilik aňynyň köptaraplylygyna getirýär. Şol köptaraplylygy döwletiň, halkyň bähbitlerine, ýurduň geljegine gönükdirmek bilen, hormatly Prezidentimiz dürli garaýyşlaryň bir akabada, ýagny döwletimiziň halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan ägirt uly ösüş maksatnamalarynyň daşynda jebisleşdirmek ýoly bilen, milli demokratiýanyň döwrebap nusgasyny kemala getirmegi başardy. Ine, bu bolsa türkmen jemgyýetiniň geljege tarap hereketiniň ynamly bir ugry bolup orta çykýar. Döwletiň demokratik, syýasy hukuk ulgamy berkararlygyň, döwletiň mizemezliginiň esasy sütünleridir. Esasy zat, ýurtda asuda durmuşy, parahatçylykly ösüşi üpjün etmegiň zerur şertleriniň biridir. Halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy üstünlikleriniň biri ýurtda syýasy durnuklylygyň gazanylmagydyr. Milli demokratiýamyz durnuklylygyň nusgasydyr.

Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen alyp barýan syýasatynyň umumadamzat bähbitli çuňňur manysyny wagt barha äşgär we aýdyň ýüze çykarýar. Türkmen döwletiniň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň döwür üçin ähmiýeti çylşyrymly pursatlarda köp ýagdaýlara düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Men ýagşy niýetiň ägirt uly güýçdügine ynanýaryn» diýip, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda ýazýar. Mähriban Arkadagymyz dünýä üçin ýagşy niýetiň iň uly zerurlykdygyna öňdengörüjilik bilen çuň göz ýetiren görnükli syýasatçydyr. Milli Liderimiz: «Adamzat häzir örän uly howpuň öňünde dur. Ýaryşyp alynjak gala ýok. Ilkibaşda şeýle çylşyrymly hem-de bulaşyk bolmadyk, ýöne soňra ugry idelmedik gapma-garşylyklary çözmek üçin gepleşikleri geçirmegiň wagty ýetip geldi.

Biziň ylymly-bilimli, ýokary tehnologiýaly döwrümizde adamzat durmuşynyň agyr nogsanlyklaryna öwrülen garyplygyň we açlygyň ýoguna çykmak üçin birleşmegiň wagty ýetip geldi.

Ekologiýa heläkçilikleriniň we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň ýollaryny bilelikde gözlemegiň wagty ýetip geldi» diýip belläp geçdi. Dünýäde ýüze çykan häzirki ýagdaýlar, köp ýurda ýaýran ýokanç kesel we kesel bilen bagly dünýä ykdysadyýetiniň pese düşmegi mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen ýazan bu pikirleriniň nähili derejede hakykaty aýan edýändigini görkezýär. Häzirki döwür ähli halklaryň abadan geljek ugrunda, nesilleriň bagtyýarlygynyň hatyrasyna birleşmeginiň, arkalaşmagynyň, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň örän möhümdigini, derwaýysdygyny, wajypdygyny äşgär edýär. Dünýäni halas etjegiň ýagşy niýet bolup durýanlygyny subut edýär.

Şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenmegi ýurdumyzda parahatçylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagydyr. Hemişelik Bitaraplyk gapma-garşylyklary, uruşlary ret edýän, dünýäniň geljeginiň ynanyşmakdadygyny, dost-doganlykdadygyny bütin adamzada ündeýän mukaddes düşünjedir. Hemişelik Bitaraplyk berkarar Türkmen döwletiniň, mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan dünýä ähmiýetli syýasy ýoludyr.

Öz halkyna ruhubelentligiň, mertligiň, gaýratlylygyň nusgasyny görkezip, geljege beýik ynam bilen garaýan Gahryman Arkadagymyza hemişe şowlulyklaryň ýar bolmagyny, röwşen ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny ak ýürekden arzuw edýäris.

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy.

Mejlisiň deputaty.