GALLA ORAGY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

 Hormatly Prezidentimiz meýdanlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga girişmäge ak pata berdi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem il sylagly ýaşulularyň, gallaçy kärendeçileriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda, ýylyň galla oragyna uly ruhubelentlik bilen girişildi.

Galla oragyna Murgap etrabynyň Nurana Gurbanmyradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täjigül Geldiýewanyň 2 gektar kärende ýerinde badalga berildi. Galla oragynda zähmet çekýän mehanizatorlar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we kärendeçiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Günortan arakesme wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Kombaýnçylaryň, kärendeçileriň, awtoulag sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu guramaçylyk çäreleri özüniň oňyn netijesini berer. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary, medeniýet işgärleri daýhanlaryň armasyny ýetirip durarlar.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, ýylyň-ýylyna dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alyp berýär. Gallaçy kärendeçiler suw, dökün bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurduryp berýän kärhanalarynda öndürilýän dökünler gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiziň döküne bolan zerurlyklaryny doly üpjün edýär. Ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly tohumlar taýýarlanylýar. Kärendeçileriň tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Babadaýhanlarymyzyň arassa, halal zähmet çekmegine döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri dilleriň senasyna öwrülýär.

Gurbangül Mädenowa, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

10.06.2021 ý

 

tags: