Galla — rysgal çeşmesi

Guşgursak ak bugdaý halkymyzyň rysgal çeşmesidir, bereket başydyr. Şoňa görä-de, ak bugdaýyň asyl mekany hasaplanýan güneşli Diýarymyzda dänäniň ýokary hasylyny ýetişdirmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga uly üns gönükdirilýär. Şeýle ünsüň netijesinde janypkeş daýhanlarymyzyň yhlas-azaby bilen sahabatly topragymyzda ýylyň-ýylynda ak ekiniň bol hasyly öndürilýär. Gallaçy babadaýhanlarymyzyň tutanýerli we irginsiz zähmeti netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň bellenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da bereketli türkmen topragynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý tabşyrylmagy, şeýlelikde şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi buýsandyryjy wakadyr. Ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň nobatdaky zähmet üstünliginde ahally gallaçylaryň hem mynasyp paýynyň bardygyny buýsanç bilen bellemelidiris.

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary şanly ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşlerini ýetişdirdiler hem-de şondan 400 müň tonna hasyl almagy maksat edinip, däne oragyna bellenilen möhletde guramaçylykly girişdiler. Ýetişdirilen hasyly çalt, ýitgisiz ýygnamak we kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak ugrunda ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalandylar. «John Deere», «CLAAS» kysymly ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlaryň ýüzlerçesi bu jogapkärli möwsümde daýhanlaryň esasy daýanjy boldy. Şeýlelikde, welaýatymyzyň gallaçylary berekedini bolluk bilen eçilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap, ýurdumyzyň gallaçylarynyň umumy zähmet üstünligine saldamly goşandyny goşdular.

Berkarar Watanymyzy bereket-bolçulygyň mekanyna öwrendigi, halkymyzy eşretli, bolelin durmuşda ýaşadýandygy üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

03.08.2022 ý

 

tags: