Garaşsyz döwletiň mizemez sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şu günler bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe taýýarlyk görýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde baýram edilmegi aýratyn mazmuna eýedir.

Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegini kepillendirýär. Amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginleri, köp sanly maksatnamalar esasynda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilýän häzirki döwründe bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyza laýyklykda täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýänleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi örän wajyp bolup durýar.

Bagtyýar halkymyz milli Baýdagymyza ata Watanymyza buýsanjyny we söýgüsini alamatlandyrýan ägirt uly gymmatlyk we mukaddeslik hökmünde garaýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýän iň esasy nyşanlaryň biridir. Türkmen halky Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar onuň Döwlet baýdagynda öz beýanyny tapýar. Milli baýdagymyz bütin durky bilen halkymyzyň agzybirligini, mertebesini we Watana bolan buýsanjyny, onuň şöhratly geçmişini, häzirki gününi we ajaýyp geljegini özünde jemleýär. Munuň özi halkymyzyň öz ruhy-ahlak däplerine, ata-babalarymyzdan miras galan ýokary ýörelgelere, pugta eýerilýändigini görkezýär. Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly pasyrdaýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda häzirki wagtda gazanýan üstünlikleri, ýokary görkezijileri geriminiň giňligi bilen häsiýetlendirilýär. Döwletli Diýarymyzda ýatdan çykmajak dabaralar, toý-baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere we eýelenýän belent sepgitlere täze we çuň manyly öwüşgin çaýýar.

Bagtyýar halkymyzy nurana geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

05.05.2022 ý

 

tags: