GARAŞSYZ DÖWLETIMIZIŇ MIZEMEZ SÜTÜNI

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Şu günler toýlary toýa ulaşýan Arkadagly Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Hakdan halatly, köňli sahawatly halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyza seýle çykmagyň lezzeti söz bilen beýan edip bolmajak derejede üýtgeşikdir. Şonda Jeýhun deý joşgunly kalbyňy heýjana salýan buýsanç duýgularyny gursagyňa keşdeläp, ak şäherimiziň gözelligine guwançly bakýansyň. Gün-günden has ajap keşbe girýän baş şäherimiziň ajap eýýamyň belent ruhuna laýyk döwrebap ösüş-özgerişi köňül köşgüňe nur çaýyp, ýedi yklyma maglum «Aşgabat — gözelligiň we söýginiň şäheri» diýen jümleler aňyňda şineläp, joşgunly göwnüňe nur çaýýandyr. Ilki bilen şuglazar görki bilen ähli binalardyr desgalardan saýlanyp, durnagöz çeşme deý dury mawy asmana egin deňläp, 133 metr belentlikde pasyrdap duran äpet ýaşyl Tugumyz biygtyýar özüne maýyl eder. Asyl-ha, bu mukaddeslikden gözüňi aýrasyň gelmez. Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alyp, jümle-jahana at-owazasy dolan uly göwrümli Döwlet baýdagymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygynyň nyşanyna öwrülip, erkana hem görkana pasyrdap durşy göwün guşuňy al-asmanda pelpelledip, ömrüňe ömür goşýar. Mermer paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň hem täsin binagärlik gurluşy bilen aýratyn tapawutlanyp, alyslardan seleňläp durşunda çuň many bardyr. Milli Liderimiziň 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu desga biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezliginiň we berkliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, eziz Watanymyza buýsanjyň, Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy we has-da belende 85154 göterilmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga merdana halkymyzyň hemişe taýýardygynyň özboluşly nyşanydyr. Bu desga halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýen sözleri bu ajaýyp bina dahylly şol çuň manynyň hikmetini Aý dogan ýaly aýan edýär.

Şu günler bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ýatdan çykmajak dabaralar we uly ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Milli senenamamyzda uly orun tutýan goşa baýramyň mysalynda hem Ýer ýüzi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata-baba ganyna, aňyna ornan watansöýüjilik, myhmansöýerlik, şahandazlyk ýaly asylly hüý-häsiýetleriniň ýene bir ýola şaýady bolýar. Agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugrudyr.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Çünki halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda ýurdumyzyň beýleki resmi nyşanlary ýaly, Döwlet baýdagyna çuňňur hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan Döwlet baýdagymyz berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesidir» diýip belleýşi ýaly, bagtyýar türkmen halky milli Baýdagymyza ata Watanymyza buýsanjyny we söýgüsini alamatlandyrýan ägirt uly gymmatlyk we mukaddeslik hökmünde garaýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemlemek bilen, onuň esasy nyşanlarynyň biridir. Türkmen halky Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar onuň Döwlet baýdagynda öz beýanyny tapypdyr. Milli baýdak bütin durky bilen halkymyzyň agzybirligini, mertebesini we Watana bolan buýsanjyny, onuň şöhratly geçmişini, ýagty häzirki gününi we ajaýyp geljegini özünde jemleýär. Munuň özi halkymyzyň öz ruhy-ahlak däplerine, olardan miras galan ýokary watansöýüjilikli ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarynyň wesýetlerine pugta eýerilýändigini görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly pasyrdaýar.

Milli Liderimiziň: «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýip nygtaýşy ýaly, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip zähmet çekmegiň mukaddes borçdugy baradaky hakykata uýup ýaşamak ähli türkmenistanlylaryň ömrüniň manysyna öwrüldi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Milli Liderimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary, bu babatda ileri tutulýan ugurlar we maksatlar, öňde duran wezipeler barada aýdýanlary örän uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletimiziň Esasy Kanunyny bagtyýarlyk zamanamyzyň ösen talaplaryna laýyk getirmäge mynasyp goşant goşmalydygyny aýtmagy, durmuş syýasaty bilen bagly konstitusion kadalary kämilleşdirmek we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtamagy türkmen jemgyýetinde çäksiz hoşallyk döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Bu bolsa milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi. Görnüşi ýaly, Konstitusiýa milli döwletliligiň, ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we döwleti ösdürmegiň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň üçünji mejlisi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň raýatlary we jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olardan ýüzlerçe teklipleriň gelip gowuşýandygyny, ol teklipler içgin öwrenilip, göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmak boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Olary ýerine ýetirmegi netijeli guramakda her bir pudagyň, ulgamyň, syýasy jemgyýetçilik guramalarynyň amala aşyrmaly işleri hakynda aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerimize we ösüşlerimize buýsanmaga haklydyrys. Sebäbi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda häzirki wagtda gazanýan üstünlikleri ýokary görkezijileri we geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda ýatdan çykmajak dabaralar bilen bellenilip geçilýän toý-baýramlar bolsa şol ajaýyp üstünliklere we eýelenýän belent sepgitlere täze we çuň many öwüşginlerini çaýýar.

Ýagmyr NURYÝEW,

«Galkynyş» gazeti.