Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty

Garaşsyzlyk her bir millet, her bir ynsan üçin iň eziz hem arzyly mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk halkyň çüwen bagty, göterilen ykbaly, Ýer ýüzünde belent mertebeli ýaşamagyň kepilnamasydyr. Mundan 31 ýyl öň türkmen taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Taryhyň dürli döwürlerinde ençeme kynçylyklary başdan geçiren milletimiz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň eýesi boldy. Turuwbaşdan bütin dünýä ykrarnamasyna eýe bolan ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, jebislik, milli demokratik ýol-ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Munuň özi dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Eziz Diýarymyza dost-doganlyk goluny uzadýan, Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýýan ýurtlaryň sany günsaýyn artdy.

Her birimiziň kalp törümizde gadyrlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň ata Watanymyzyň döwlet gurluşyna, jemgyýeti işjeňleşdirmäge, ähli ulgamlary kämilleşdirmäge, durnukly-ykdysady ösüşleri gazanmaga badalga bolandygy aýdyň hakykatdyr. Onuň delillendiriji mysallary bolsa bu gün her bir türkmen raýatynyň bagtyýar durmuşynda şöhlelenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn özgerýän, ösýän Diýarymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan beýik işler Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleri bolup, barha rowaçlanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulandyrylyp, ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň berkararlygyny berkidýän, halkymyzyň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän belent ösüşleriň özboluşly badalgasydyr.

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň sanly ulgama geçmegi esasy wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda öndürijilikli işler alnyp barlyp, täze maksatlara ýetmegiň kesgitli ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa öňde durýan wezipeleriň neneňsi ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Merdana halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alýan şeýle aýdyň maksatlary, asylly başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen dünýäde millilik ýörelgesi, parahatçylyk söýüji dostlukly gatnaşyklary arkaly durnukly ösýän döwlet hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda BMG bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary maksada okgunlylygy hem-de anyklygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistan BMG bilen durnukly ösüş, energetika, ulag, ekologiýa meselelerinde, demokratik ugurlary ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry bilen dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn çemeleşmegiň talaplaryna laýyklykda, döwletara gatnaşyklaryň esasynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine işjeň gatnaşýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlaryny tüýs ýürekden goldaýar. Öz halkynyň öňündäki borjuny raýatlaryň abadan hem parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda we berkarar döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde görýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Türkmen halkynyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Şirinjemal Otuzowa, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni

“Daşoguz habarlary” gazeti

08.09.2022 ý

tags: