GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY TOÝY

31 ýyl mundan ozal ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bu şanly toý mynasybetli aýdym-sazly çäreleriň, bäsleşikleriň geçirilmegi, medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalaryň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, halkara maslahatlardyr sergileriň guralmagy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda päk zähmetiň gaýnap joşmagy, halkymyzyň ýokary ruhy göteriliş bilen bu şanly baýramy mynasyp garşy almagy indi asylly däbe öwrüldi.

Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany bolan türkmen döwleti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we ösüşiň belent ruhuna beslenip, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly belent maksatlaryň nurana ýoluna ynamly gadam basdy. Her bir ýyl özüniň taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen taryhyň gatyna siňýär, wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýar: ýurdumyzyň jemgyýetçilik–syýasy durmuşynyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň hakykatdan hem şeýledigini dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda ýurt möçberinde amal edilýän işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

Taryh üçin örän gysga döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasady bilen öňe tarap örän möhüm ädimler ädildi. Geçilen ýola ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde täze ösüş-özgerişlere eýe boldy. Dowamata dowam bolup Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagyny hem açyklyk, aýanlyk, giň demokratiýa şertlerinde öz erkli türkmen halky özüniň ýagty ykbalyny, durmuş ýoluny, geljegiň ajaýyplygyny we nuranalygyny, bagtdan-bagta barýan aýdyň ýoluny Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen mynasyp dalaşgärinde gördi.

Bagta barýan nurana geljegimiz Arkadagly Serdarymyzyň resmi saparlarynda hem tutuş aýdyňlygy bilen görünýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere zyýarata baryp, Mekgäniň keramatly topragynda umra hajyny berjaý etmegi, 10-njy iýunynda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolan Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda, iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy, 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynda bolup, oňyn ylalaşyklary gazanmagy, 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna maksatlaryň hem-de bähbitleriň bitewüligi ugrunda möhüm ädim bolan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen altynjy Hazar sammiti, 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça Arkadagly Serdarymyzyň bu döwletde iki günlik iş saparynda bolmagy we saparyň çäklerinde ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy, netijeli halkara gatnaşyklaryň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan ata Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ugry bilen dowamly ösdürilýän doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy bilen bagly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň kesgitlenmegi, 21-nji iýulynda bolsa hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, täze teklipler we başlangyçlar bilen çykyş etmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny we sebitde uly syýasy ornuny ýene-de bir gezek ykrar etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň toýlanyljak ýylynda eziz Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirýär.

Gadymy we hemişe juwan türkmen topragynyň ähli ýerinde mukaddes baýramy mynasyp zähmet sowgady bilen garşylamak ugrundaky zähmet joşguny özüniň ajaýyp miwesini berýär. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, zähmet çekmäge, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar. Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar, sebitde ylalaşdyryjy döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ylym, bilim we medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny ýene bir gezek äşgär görkezdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy, şeýle-de şu ýylyň 12-nji maýynda guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilendigi baradaky hoş habarlar buýsanjymyzy artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda öňe süren teklipleri hem-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan şeýle Kararnamalaryň 19-sy kabul edildi. Kararnamalaryň ählisi-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligine has-da çuňňur aralaşmagy üçin nobatdaky mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat 40-a golaý döwletiň hem-de 30-dan gowrak halkara guramalaryň wekillerini, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Onuň guramaçylyk taýdan örän ýokary derejede geçirilendigini dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri buýsanç bilen bellediler. Bu halkara forum hakynda Garaşsyz döwletimiziň umumadamzat bähbitli şeýle beýik başlangyçlaryny dünýä ýaýdylar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ösüşlere beslenýän her bir güni naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly toýuna has-da ýakynlaşdyrýar.  Halkymyzda «Toýlar toýa ulaşsyn!» diýen ýagşy dileg bar. Goý, her ojakda toý gazanlary gaýnap dursun, aýdym-sazyň owazy batly ýaňlansyn, nesillerimiz bagt bagynda ganat ýaýsyn! Halkymyzyň iň ösen şertlerde ýaşamagy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň maksatlary myrat tapsyn!

Täçmyrat Rejepow, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

01.09.2022 ý

 

tags: