GARAŞSYZLYK — ARKADAGLY WATANYMYZYŇ GANATY

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýar. Bu bolsa baş baýramymyzyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýan il-ulsumyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Bu baýram özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köp asyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň edermen halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem ähmiýetli taryhy waka bolup durýar. Garaşsyzlyk köp asyrlyk milli ruhy gymmatlyklaryň, şeýle hem, asylly ynsanperwer dessurlarynyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde döwlet garaşsyzlygyny berkarar etmekde parahatçylyk söýüjilikli, bitaraplyk, milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýoldur. Bu ýoluň her bir menzili — tap gyry taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi.

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Şu maksat bilen, ýerlerde Halk maslahatynyň wekillerini saýlamak işleri üstünlikli geçirildi. Çünki halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna iň mynasyp, il içinde zähmeti, şahsy görüm-göreldesi bilen tapawutlanýan, abraýly, sarpaly adamlar saýlanylmalydyr. Bu işde etrap, şäher, welaýat halk maslahatlaryna, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine wekiller bäsleşik esasynda welaýatlaryň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň pähim parasady bilen täze taryhy eýýamda döredilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolmak bilen, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk-de jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýelär.

Garaşsyzlygyň giň manysy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has aýdyň ýüze çykýar. Mähriban Arkadagymyzyň çuň manyly, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini dälde, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir adama ruhy taýdan oňyn, täsiri babatda ägirt uly öwrülişikleri ýüze çykarýanlygy bilen hem çäksiz alkyşlara mynasypdyr. Garaşsyzlygy berkitmek ugrundaky kuwwatly herekediň ugrukdyryjysy bolan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, mähriban Arkadagymyzyň adamlaryň özygtyýarly, garaşsyz döwletde ýaşamagyň bagtyýarlygyna içgin hem-de giňden düşünmeklerini gazanmagyň iň oňaýly ýoluny ýüze çykarmagy başarandygyny ynam hem buýsanç bilen aýtmalydyrys. Milli Liderimiziň watandaşlarymyzyň kalbynda berkarar döwletli bolmagyň belent buýsanjyny halkyň hatyrasyna bitirilýän beýik işler bilen berkitmek ýörelgesi häzirki zaman döwletlilik düşünjesine özboluşly aýdyňlyk girizen täze bir syýasy ýol hökmünde öňe çykdy.

Döwlet syýasatynyň netijeliliginiň, jemgyýetçilik asudalygynyň, halkara gatnaşyklaryndaky sazlaşyklylygyň gazanylmagy mähriban Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmak işine öňdengörüjilik bilen çemeleşmeleriniň, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli meselelerini çözmäge örän ünsli we aýawly gara ýanlygynyň oňyn netijesidir. Türkmen halky ýurtda agzybirligiň we jebisligiň döwlet berkararlygynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary bolmagynyň esasy şertidigine Garaşsyzlyk ýyllarynda has içgin göz ýetirdi. Şol bir wagtda watandaşlarymyz ösen döwleti gurmakda, ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde, ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarlylygyny kepillendirmekde halkyň düşünjeliliginiň, öz ykbalyna jogapkärçiliginiň esasy şert bolup durýandygyna oňat düşünýärler.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda halkymyzy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ykdysady, senagat innowasiýa taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak baradaky beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak ugrunda mundan beýläk de netijeli, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bu şygar eziz Diýarymyzyň has belent maksatly menzillere ýetmegine badalga boldy. Bu gün Türkmenistan, hakykatdan hem, rowaçlygyň Watanydyr, Türkmenistan — arzuw islegleriň hasyl bolýan Watany. Türkmenistan — başy na barlan her bir işiň diňe öňe ilerleýän Watany. Çünki bu işler ilki bilen pähim parasatly milli Liderimiziň, ýagny başyna barýan her bir işini «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen atalar sözüne eýerip, ýurdumyzyň halky, ýaşululary bilen maslahatlaşyp amala aşyrýan eziz Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýerine ýetirilýär. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisi rowaçlyklara beslenýär.

Beýik başlangyçlar milli Liderimiziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerimizi nusgalyk derejede dowam etdirýändigini, agzybirligimize, jebisligimize, halkyň döredijilik güýjüne, ýurduň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, eziz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýandygyny aýdyň äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halk bilen döwlet mäkäm jebisdir. Bu jebislik döwletimiziň berkararlygydyr, ýeňilmez güýjümizdir. Şoňa görä hem, hormatly Prezidentimiziň: «Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn» diýen ýolgörkeziji pähiminden ugur alyp, Arkadagly Diýarymyzda täze belent maksatlary amala aşyrmak, özygtyýarly Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm syýasy wakalar, ykdysady ösüşler, agzybirlik, parahatçylyk, medeniýetde we sungatda gülläp ösüşler, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda hem de sportda rowaçlyklara beslenjek üstünlikler köp bolar. Bizi ak ýollar bilen röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur.

Goý, Arkadagly ýurdumyzyň Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýy has-da artsyn!

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.