GARAŞSYZLYK — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ŞÖHRATLY ÝOLY

Türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar beýik taryhynyň geçmişe hem-de geljege ýalkym saçýan altyn sahypasy Garaşsyzlykdyr. Şöhrat-şana beslenen bu döwür halkyň çuňňur milli kökleriniň kuwwatly güýjüni, özgerýän döwrüň milletiň öňünde keserdip goýýan wajyp wezipelerine paýhaslylyk, ýokary aň-düşünje, öňdengörüjilik bilen hötde gelmäge, döredijilikli ösmäge bolan çäksiz ukybyny ýüze çykardy.

Döwürleriň keşbi beýik şahsyýetleriň bitirýän işlerinde ýüze çykýar. Ýüz ýyl, müň ýyl geçse de, halk, döwlet, adamzat üçin bi tirilen, durmuşa geçirilen uly işler taryhyň gatynda ýitmän saklanyp galýar. Her döwürde täze nesiller şol beýik işlere gaýta-gaýta ýüzlenýärler we her bir milletiň dünýä ösüşinde yz goýan, taryhy döreden, geljege binýat bolan gymmatly gazananlary nesillerde ruhy kanagatlanmany, çäksiz milli buýsanjy döredýär, mertebeli ýaşamaga, täze beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Müňlerçe ýyllyk taryhynda dünýä ösüşi ne saldamly goşant goşan, milli gymmatlyklaryň baý hazynasyny döreden türkmen halky Garaşsyzlyk eýýamynda berkarar döwlet gurmagyň, maddy, medeni, ruhy gymmatlyklary döredip, ýaşaýşy gözelleşdirmegiň ýoly bilen ösýär.

Döwürleriň baglanyşygyny öwrenmek, nesilleriň gatnaşygynyň zamanalara täsirine göz ýetirmek hemişe gyzyklanma döredýän ýagdaýdyr. Çünki öňe gitmek üçin geçilen ýoly saýgarmak zerur. Wagt geçdigiçe özgerişler has aýdyň, aýyl-saýyl görünýär. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletini täsirli we kuwwatly ýurda öwürmekde zamananyň ägirt uly täzelenişini we özgerişini öňünden görüp we üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesine döwür uly baha berýär. Şol özgertmeler dünýäde bolup geçýän syýasy, jemgyýetçilik, ylmy-tehnologik, aňyýet öwrülişikleriniň, maliýe-ykdysady ulgamlarynda ýüze çykýan ýagdaýlaryň çäginde, dünýäniň syýasy, ykdysady konýunkturasynyň çalt özgerip durýan çylşyrymly ýagdaýlarynyň täsiriniň artýan döwründe amala aşyrylýanlygy sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ýurtda täzelenişiň we ösüşiň giň gerimli, depginli hereketi ni sazlaşykly dowam etdirmekde uly tagalla etmeli bolýandygyna düşünmek kyn däl.

Türkmenistanyň ösüşlerine dünýäde we daşary ýurtlarda uly üns berilýändigini, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeleriniň öwrenilýändigini hem aýtmak gerek. Şoňa görä, taryhy ähmiýetli, dünýä derejeli beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň şertlerine, ugur ýollaryna düýpli düşünmek şu günüň, ygtybarly geljegi gurmagyň zerurlygy diýilse, hakykata laýyk bolar.

* * *

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi» diýip, türkmen döwletiniň häzirki zamanda-da ösüş ýolunyň nähili maksatlardan ugur alýandygyny aýdyňlaşdyrýar. Bu jümleler berkarar türkmen döwletiniň syýasatynyň esasy mazmunynyň be ýanydyr. Şunda bir hakykata üns bermek zerur, döwletimiziň öňe sürýän syýasy maksatlary uzak geljek üçin göz öňünde tutulýan meýiller bilen birlikde, şu günki gün bitirilýän anyk işlerde doly ýüze çykýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünlikli tarapydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tä ze döwrüň bitewi syýasy keşbini, ykdysady gurluşyny, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny kemala getirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijelerini seljermek bilen, onuň üstünliklere ýetiren şertlerine düşünmek mümkindir. Milli Liderimiz özgertmeleri ýurduň içinden, jemgyýetimiziň jümmüşinden başlady. Raýatyň, adamyň kadaly ýaşaýşa, zähmet çekmäge, saglygyny goramaga, nesilleriniň ygtybarly geljegini üpjün etmäge bolan hukuklaryny döwlet syýasatynyň esasynda goýan, döwleti dolandyrmagyň gündelik meselesi hökmünde öňe çykaran hormatly Preziden timiziň ösüşiň örän dogry ýoluny saýlap alandygy bu günki gün belli bolýar. Dünýä bileleşiginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrmagyň ýoly ýurduň çäginde adamlar üçin amatly ýaşaýşyň zerur şertlerini döretmekden başlapdy we ösüş-özgerişlere bu ýakynda garaşmadyk, ýurduň çet gyralaryndaky etraplarda ýaşaýan ilatyň durmuşynyň özgerdilmegine tarap aýgytly hereketiň başlanmagy öňde duran ägirt uly ösüş maksatnamalarynyň badalgasy boldy hem-de halkymyzyň aňyna, ruhuna galkyndyryjy täsir etdi. Üýtgeşik döwrüň başlanýandygyny duýan ildeşlerimiz milli Liderimizi şol pursatda täze taryhymyzy dörediji, halkyň ýaşaýşyny we mertebesini belende galdyrmak da syýasy, durmuş taýýarlygy uly bolan, gurujy, özgerdiji reformator hökmünde kabul etdiler.

Häzirki zaman dünýä ýagdaýynyň kem-kemden ýüze çykyp, kemala gelýän syýasy-jemgyýetçilik, hukuk, medeni gumanitar garaýyşlarynyň nazaryýeti özgerýän we ösýän dünýä üçin döwrebap gatnaşyklaryň berk esaslarynyň döredilmeginde her bir ýurduň jogapkärçiliginiň uludygy baradaky täze taglymata daýanýar. Döwletleriň arasyndaky baglanyşyklaryň artýan şertlerinde, ählumumy sazlaşygy gazanmakda şu çaka çenli ulanylyp gelnen syýasy gurallary kämilleşdirmek hem-de halkara hukugynda öz ýoly bilen ösýän döwletleriň bähbitlerini deň dere jede goraýan talabalaýyk esaslary kemala getirmek zerurlygy hem äşgär bolýar.

Şeýle zerurlyklaryň çäginde içeri hem daşary syýasatyň durmuşa ukyply we ösüşler üçin möhüm bolan ýörelgelerini döretmek işi döwrüň öňe çykarýan meseleleriniň çözgütlerini tapmak bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu bolsa örän çylşyrymly wezipedir. Şeýle wezipä hötde gelmek döwletiň ähli mümkinçiliklerini herekete getirmekden başga da, döwlet ýolbaşçysyndan syýasy, durmuş, şahsyýet hökmündäki ägirt uly taýýarlygy talap edýär. Halkara giňişliginde ýurduň bähbitleri ugrunda çykyş etmek baradaky başlangyçlaryň milli çäkde amala aşyrylýan ösüş strategiýasyndan ugur alýanlygyny aýdyp geçmek ýerliklidir. Ýurduň milletler bileleşigindäki ornunyň hemde täsiriniň içerki syýasatyň netijelerine esaslanýandygy bellidir. Biziň ýurdumyzda bu talaplary we şertleri özleşdirmekde milli Liderimiziň tagallasy bilen örän jaýdar hem netijeli ýoluň tapylandygy Türkmenistany dünýäde ösmäge mümkinçiligi ägirt uly bolan täsirli döwlete öwürdi. Şeýle hem, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň çäksiz şertlerini ýüze çykardy.

Döwletiň syýasy taýdan esaslandyrylmagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň mazmuny döwletiň we halkyň geljeginiň kepili bolup hyzmat edýär hem-de döwletiň taryhy ösüş ýoluny kesgitleýär. Üçünji müňýyllygyň başyndaky dünýä özgerişiniň çäklerinde türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny berkitmekde, syýasy jemgyýetçilik ulgamlarynyň işini mazmun taýdan baýlaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeleri demokratiýanyň milli ýörelgelerini ýurduň durmuşynda netijeli alyp barmagyň özboluşly tejribesine öwrüldi. Bu ugurda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek meselesi dünýäde barha äşgär bolýan halkara syýasy-jemgyýet çilik garaýyşlaryň gitdigiçe öz gerýän, döwre görä üýtgeýän we çylşyrymlaşýan şertleriniň täsiri netijesinde ýüze çykypdy. Milli Liderimiz döwlet berkararlygyny, syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmegiň ýoluny öňdengörüjilik bilen aýdyňlaşdyrdy. Islendik syýasy, hukuk, demokratik özgertmäniň öz anyk maksatlary, kesgitli meýilleri bardyr. Ahyr netijede özgertmeleriň maksady döwleti we jemgyýeti dolandyrmagy kämilleşdirmek bilen, ýurtda raýatlaryň ýaşaýşy, zähmeti, saglygy, medeni ruhy ösüşi üçin amatly, ýokary şertleri döretmekdir. Bu esasy hem iň möhüm wezipedir. Döwlet syýasaty-da, demokratik ösüşlerde jemgyýeti sagdynlaşdyrmak maksadyny ilkinji wezipe hökmünde öňe sürýär. Sagdynlaşdyrmagyň gerimi örän köp jähetleri öz içine alýar. Hemme ugurlary bir birine baglamak, döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmegi, halkyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, her bir şahsyýetiň mümkinçiliklerine ýol açylmagy babatda oňaýly şertleriň döredilmegi döwletliligiň esasy mazmuny bolmak bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hiç bir ugry onuň çäginden daşarda galmaýar. Ýurt, halk bilen bagly her bir mesele döwlet syýasatynyň hemişelik ünsden düşürmeýän möhüm wezipesidir we ähli meseleler bitewülikde halkyň taryhy ornuny berkitmäge hyzmat edýän çözgütleri tapmaga tarap hereke tiň özeninde durýar. Munuň özi, demokratik, hukuk döwletini sypatlandyrmagyň aýratyn bir görkezijisi, milli Liderimiziň häzirki zaman milli döwleti berkarar etmekdäki dünýägaraýşy diýilse, hakykata laýykdyr.

Şundan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiz döwür, dünýä, döwlet diýen düşünjeleriň bir-birine sazlaşykly baglanyşygyny ýiti paýhas bilen duýmagy, şol sazlaşygyň sarsmaz sütünlerini takyk kesgitleýän ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynda kemala getirmegi başaran milli Lider hökmünde dünýä özüni tanatdy.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanynyň şahsyýetlik derejesi tutuş jemgyýetiň ösüşinde aýratyn orny bolan kesgitleýji ýagdaý bolmak bilen, halkyň erk-islegi, ýurtdaky demokratik hereket milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmagynyň daýanjy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, biziň döwletimizde syýasatda, durmuş-ykdysady we medeni ösüşlerde ähli belent derejelere Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýetildi.

Ýurdumyzyň syýasy, hukuk, demokratik esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi tarapyndan demokratik, hukuk döwleti hökmünde doly derejede kabul edilmegini şertlendirýär. 2016 -njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenip, kämilleşdirilen täze görnüşiniň kabul edilmegi, 2017-nji ýylda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi ýurdumyzda demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň demokratik hukuklaryny giňeltmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy. Bu saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy bäsleşik esasynda işjeň gatnaşdylar we saýlawly, wekil çilikli edaralarda öz orunlaryny berkitmek mümkinçiliklerini äşgär etdiler.

Gülläp ösýän Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagty ýarlyk döwründäki syýasy, demokratik ösüşleri ählumumy öňe hereketiň çäginde, käbir netijeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň syýasatyň ykdysadyýete hyzmat etmelidigi baradaky häzirki döwür üçin möhüm bolan syýasy garaýşy halkara durmuşynyň çylşyrymly ýagdaýlaryndan baş alyp çykmagyň we döwletiň, jemgyýetiň esaslaryny pugtalandyrmagyň oňyn çözgüdidir. Dünýäde ýurtlaryň syýasy ýörelgeleri barada hernäçe köp gürrüň edilsede, esasy gyzyklanmanyň maliýe-ykdysady ýagdaýlara gönügýändigi düşnüklidir. Dünýäniň ösüşinde maliýe-ykdysady ulgamlardaky gündelik maglumatlar ähli täzeliklerden öňe geçdi we öňe — geljege tarap hereket etmegiň esasy görkezijisine öwrülýär. Şeýle ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň syýasy, demokratik, hukuk özgertmeleriniň maksatlarynyň esasan, ýurduň syýasy jemgyýetçilik güýçleriniň işini we tagallalaryny durmuş-ykdysady wezipeleri ýerine ýetirmekde halkyň ruhuny galkyndyrmaga gönükdirilmegi bilen bagly bolmagy döwrüň ýüze çykarýan meselelerine dogry düşünmegiň subutnamasydyr. Ösüş üçin halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, taryhy wezipeleri çözmäge syýasy-jemgyýetçilik güýçlerini giňden çekmek, demokratiýanyň mümkinçiliklerine möhüm orun bermek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ygtybarlylygynyň kepilidir.

* * *

Dünýä diň salyp, zeminde köp ýagdaýlaryň üýtgeýändigine, özgerýändigine göz ýetirmek bol ýar. Çünki XX asyryň ahyrynda bolup geçen geosyýasy özgeriş, ýagny täze, garaşsyz döwletleriň dünýä bileleşiginiň hataryna goşulmagy halkara syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň häzirki zaman ýörelgelerini döretmek meselelerini ýüze çykardy. Öz Konstitusiýasy, Baýdagy, Tugrasy, Döwlet senasy, alyp barýan ösüş ýoly bilen halkara giňişligine çykan Türkmenistanyň garaşsyz döw let hökmündäki täze taryhynyň ösüş ýoly Merkezi Aziýa sebiti üçin hem, dünýä bileleşigi üçin hem durnuklaşdyryjy täsiri bilen özüne çekýän täsin tejribe bolup durýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine ägirt uly uglewodorod gorlary bilen baglanyşdyrylyp baha berlen halatlary hem ýok däl. Emma, wagt üstünlik gazanmakda ykdysady syýasaty başarnykly, öňdengörüjilik bilen alyp barmagyň zerurdygyny açyk-aýdyň görkezdi. Maksatnamalary oýlanyşykly meýilleşdirmek, ykdysady, maliýe serişdelerini, intellektual, guramaçylyk güýçlerini ýerli-ýerinde netijeli ulanmak, halkara hyzmatdaşly gynyň amatly hem-de bähbitli ýollaryny kesgitlemek ýaly meseleleriň çözgüdini tapmakdaky tagallalaryň ykdysady syýasatda möhüm ornunyň bardygy ýurdumyzyň ösüş tejribesinde aýdyň görünýär.

Milli ykdysadyýetiň kuwwatlyklaryny hasda artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň ýurt bähbitli başlangyçlarynyň biri de, uglewodorod serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky tagallalary boldy. Bu ugurdaky maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan dünýäde energetika döwleti hökmünde tanalýar we ýangyçenergetika serişdeleriniň eksportyny artdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan maksatlaryň biridir. Energiýa bazaryndaky güýçli bäsdeşlik, energiýa sarp ediji döwletleriň ykdysady ýagdaýlarynyň durnuksyzlygy energetika döwletlerini uglewodorod çig mallarynyň eksportynyň kepillendirilen ýollaryny gözlemäge iterýär. Biziň döwletimiziň energiýa sarp ediji döwletlere geografik taýdan ýakyn hem-de amatly ýerleşmegi milli Liderimize eksport ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky başlangyçlaryny çalt hem -de üstünlikli amala aşyrma ga mümkinçilik berýär. Soňky on ýylyň dowamynda daşary ýurtlara çekilen gaz geçirijileriň möçberi we bu ugurda häzirki döwürde alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly ösüşiniň kepilidir. Hormatly Prezidenti miziň energetika syýasatynyň netijeleriniň biri ýurdumyzyň esasy eksport ugry bolan tebigy gazyň täze, has uly bazarlaryna çykylmagy bolup durýar. Taslama dahylly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda 2009-njy ýylyň dekabrynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitimiziň ählumumy ösüşe giň gerim bilen goşulyşmaga mümkinçilikleriniň örän uludygyny dünýä äşgär eden waka boldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli alyp barýandygyny görkezdi. Çünki Hytaý bazaryna çykmak bilen, döwletimiz dünýä derejeli energetika döwleti hökmünde ornuny has berkitdi we Merkezi Aziýa sebitinde halkara syýasy-ykdysady giňişliginde hyzmatdaşlygy has giňeltmek üçin zerur şertleriň kemala gelýändigine hemmeleriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda sebitiň iň möhüm gurluşyklarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi, ýerine ýetirilmegi ugrunda uly tagallalar edilen bu belent maksadyň hasyl bolmagyna tarap ilkinji ädimdi. Şol dabaranyň halkara derejesinde, uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmeginiň çuň manysy bar.

Garaşsyzlygyň çärýek asyr töweregi ösüş ýolunda döwletliligi syýasy-ykdysady taýdan berkitmegiň wezipelerine amal etmek çäreleriniň ýeňil düşmän digi mälimdir. Munuň özi global özgerişiň ýagdaýlary bilen hem baglydy. Diňe biziň ýurdumyzda däl de, eýsem, dünýä döwletleri niň gatnaşyklarynda, şol hatarda ykdysady hyzmatdaşlykda-da döwrüň ýüze çykarýan şertlerine laýyklykda işjeň ornuňy kemala getirmek, milli bähbitler ugrunda halkara giňişliginde çykyş etmek baradaky tagallalaryň güýçlen ýän döwründe, garaşsyzlygyň milli ýol ýörelgelerini tapmaga hem köp wagt we guramaçylyk güýjüni sarp etmeli bolýardy. Garaşsyzlygyň milli esaslaryny berkitmegiň dowam edýän döwründe, ykdysadyýetiň binýatlarynyň döredilýän wagtynda tutuş sebiti global ösüşiň täsirli merkezleriniň birine öwürmek baradaky maksatlar heniz taslama bolup galýardy we goňşy döwletler bilen birlikde, dünýä üçin örän uly ähmiýeti bolan şol maksatlary halkara jemgyýetçiliginiň dereje sinde orta çykarmak meselesi öz pursadyna garaşýardy. «Galkynyş» gaz käninden badalga alan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşy gyna mähriban Arkadagymyzyň ak ýol arzuw eden şol pursadynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ählumumy ösüşde möhüm ornuny ykrar etdirmekde öwrülişik pursady bolup taryha girendigini nygtamalydyrys.

Milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň barşyny tapgyrlaýyn seljeren halatymyz da, dünýäniň maliýe-ykdysady ýagdaýlarynyň çylşyrymlydygy na, energetika bazarlarynda energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň durnuksyzlygyna garamazdan, öňde goýlan maksatlara amal etmekde hemişe oňat netijeleriň gazanylyp gelinýändigine göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde öňe çykarylýan durmuş -ykdysady maksatnamalaryň doly ýerine ýetirilmegine döwletimiziň, jemgyýetimiziň ähli mümkinçiliklerini gönükdirmek ugrunda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär.

2014-nji ýylyň dekabrynda Demirgazyk — Günorta halkara demir ýol geçelgesiniň, 2016 -njy ýylyň noýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň ilkinji tapgyry bolan Kerki — Ymamnazar — Akina böleginiň, 2017-nji ýylyň martynda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, 2018 -nji ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň Serhetabat demir ýol menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli täzeden gurlan demir ýoluň açylyp, ulanylmaga berilmegi, 2007-nji ýylda başlanan ösüşiň ak ýolunyň — hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä ösüşiniň belentliklerine çykýandygyny äşgär eden hakykat boldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan ählumumy ösüşiň derwaýys meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň asyrlary na zarlaýan täze-täze ýollaryny açmakda halklaryň, ýurtlaryň ünsüni çekýän umyt merkezine öwrüldi.

2018-nji ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen, sebitiň iň uly häzirkizaman desgalarynyň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, geçen ýylyň güýzünde ulanylmaga berlen Garabogaz daky karbamid hemde Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumlary, 2019-njy ýylda işe girizilen Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawod we beýleki köp desgalar Türkmenistanyň depginli ösýän, mümkinçilikleri örän uly bolan berkarar döwlet hökmündäki belent derejesini ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri de medeni ösüşi ileri tutmakdyr. Milli Liderimiz medeni ösüşi döwletiň esaslaryny berkitmegiň, parahatçylygy üpjün etmegiň, geljegiň ygtybarlylygyny kepillendirmegiň esasy serişdesi hökmünde orta çykarýar. Milletiň döreden ruhy, medeni gymmatlyklary jemgyýetiň sazlaşykly ösdürilmeginde aýratyn uly orny bolan bagtyýarlyk çeşmesi, halkyň sagdyn ýaşaýşynyň, milliligiň asyl durkuny saklap, dünýä ösüşine öz ýoluň bilen goşulyşmagyň mizemez çelgi sidir. Medeniýet, sungat, edebi miras parahatçylygy dörediji, ynsanperwerlik, gözellige sarpa, hoşniýetlilik ýaly belent ideýalary döwürlerden döwürlere geçirip gelýän, nesilleriň ruhuny baglaýjy köprüdir. Hormatly Prezidentimiz medeniýetiň ornuna bir ýurduň, bir milletiň durmuşynyň çäginden has giň, umumadamzat gatnaşyklarynyň, halkara derejesinde düşünişmegiň we ylalaşyklaryň ruhy-ahlak çeşmesi hökmünde baha berýär.

Türkmeniň döreden ýaşaýyş babatdaky pelsepe, taglymat ýoluny inçeden yzarlap, häzirki döwür üçin beýik bir hakykaty aýdyňlyk bilen açýan hormatly Prezidentimiz: «Ynsan hakdaky iň belent oý-pikirler, aýdyň taglymatlar halkyň söz we saz mülkünde orun alypdyr. Şonuň üçinem sözüň täsirinde gudrat, sazyň täsirinde jady bar» diýip, halkymyzyň milli mirasynyň öçmejek gymmatyny nygtaýar.

Türkmen halkynyň milli me deni, ýaşaýyş, ruhy-ahlak ýoly tutuşlygyna sazlaşykdan ybaratdyr. Bedew atyny, halysyny, şaý seplerini, ak öýüni, tamdyr-ojagyny alyp görseňem, artykmaç hiç zat ýokdur. Hemmesi eşrepi ýaly, ýerli ýerindedir. Nusgasyz, ýatdan dokalan halysynyň ýekeje çitimi ýalňyş düşse-de, ol säwlik ömürboýy göze dürtüler durar. Ýalňyşmazlykdan ötri, gelin-gyzlar haly dokamagy sungat derejesine ýetirip, ussatlygyň nusgasyny miras goýupdyrlar. Türkmeniň ýaşaýyş medeniýeti durmuşda dogry ýol tapmagyň beýik mekdebidir. Ylalaşyk, birek-birek bilen düşünişmek, arkalaşyk, ynsanperwerlik, sahawatlylyk halkymyzyň ýaşaýyş taglymatynyň baky mizemez sapaklarydyr. Gözellige, sazlaşyga çäksiz höwes — türkmeniň zandyndaky tebigy häsiýet. Ýaz ýagşyna topragyň parç bolup açylyşy ýaly, halkymyzyň döredijilik kuwwaty Garaşsyzlyk döwründe görlüp eşidilmedik derejelere ýetdi.

Türkmen halkynyň ösüş taryhyny ägirt uly, dünýä derejeli işler bilen şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys. Hormatly Arkadag Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglygyny arzuw edýäris!

Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.