GARAŞSYZLYK — DÖWRÜMIZIŇ GANATY

Merdana halkymyzyň mizemez bagtyna öwrülen, döwrümiziň goşa ganaty hasaplanýan hemişelik Bitaraplyk we şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Şu ýyl eziz Diýarymyz Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýar.

Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip, özüniň oňyn netijelerini berdi. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde türkmen halkynyň öz ýoluny tapandygyna asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär. Ýurtda syýasy durnuklylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň üpjün edilmegini gazanmak döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylan oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň netijesi boldy. Garaşsyzlyk eýýamy kalby buýsançdan, Watana bolan söýgüden doly bagtyýar halkymyzyň durmuşyny, ýaşaýşyny bütinleý özgerden, dünýä derejesinde ösdüren eýýam boldy. Çünki asudalyk, parahatçylyk şemaly öwüsýän Türkmenistanymyzda bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri diýseň gowy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz Türkmenistan diňe bir syýasy-ykdysady, medeni durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde däl-de, eýsem, parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar.

Geçen ýylda Türkmenistanyň iň howpsuz döwletleriň hataryna girendiginiň halkara derejede resmi taýdan ykrar edilmegi hem muňa güwä geçýär. Jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanýan «GALLUP» Halkara barlaglar merkezi Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar etmek bilen subut etdi. Türkmen halkynyň göwnüni galkyndyryp, milli buýsanjyny goşalandyrýan bu hoş habar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzda asudalygyň höküm sürmegi, halkymyzyň howpsuz, parahatçylyk şertlerinde ýaşamagy, okamagy, işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň bolmagy abraýly halkara guramalarynyň çärelerini Türkmenistanda geçirmäge islegleriň artmagyna getirýär.

Garaşsyzlyk — milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Bosagada şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýydur. Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik gazananlarynyň biri bolup, geçmişimize sarpa, geljegimize uly ynamdyr. Garaşsyzlyk şuglasyndan  nur alýan ajaýyp ýolumyz röwşen geljegimiziň aýdyň ýoludyr. Berkarar döwlet guran beýik milletiň mertebeliliginiň, şan-şöhratynyň ýoludyr. Bu mukaddes ýol beýik-beýik işler, giň gerimli maksatnamalar bilen yzygiderli dowam etmelidir.

Goý, bu aýdyň geljekli röwşen ýolumyz dowamat-dowam bolsun!

Çemen Könäýewa, TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

12.08.2021 ý

 

tags: