GARAŞSYZLYK — GÖWÜNLERIŇ GANATY

Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolup, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha belende galýar. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti dünýäniň nazaryny gojaman Hazaryň kenaryna gönükdirdi. Bu halkara derejeli çäreler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmenistan döwletimiz özüniň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer syýasatyny alyp barmak bilen, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýan döwletdigini ýene bir gezek äşgär etdi.

Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk taryhy we syýasy zerurlyk bolup, onuň alynmagy netijesinde, türkmen halkynyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky umydy amala aşdy. Türkmen halky döwletiň syýasy garaşsyzlygy jar edilenden, özüniň ynsanperwer maksatlaryny amala aşyrmaga girişdi» diýip belleýär. Hakykatdan-da, Türkmenistan döwletimiz garaşsyzlyk ýyllary içinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap almak bilen ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Eziz Diýarymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de deň hukuklylyk ýörelgelerine berk eýerýän döwletdigini dünýä aýan etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny gaýtadan ykrar edýän Kararnamany kabul edendigi hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu günki gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-ä golaýynyò agzasy bolmak bilen halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köp taraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýandygy-da Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýynyň, mertebe-derejesiniň belentdigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilip, bu baradaky Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagly ýurdumyz tarapyndan teklip edilýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň her biriniň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň mysaldyr. Türkmenistan döwletimiziň halkara syýasy giňişliginde öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny nazara almak bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň ara baglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi we bu Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwletiň çykyş edendigi hem agzybir halkymyzyň Garaşsyz ýurdumyza hem-de onuň parasatly Baştutanyna bolan guwanç-buýsanjyny goşalandyrdy.

Türkmenlerde «Gurýan döwlet gurpludyr» diýen pähim bar. Hakykatdanda, bu günki gün ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyny görkezýär.  Ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýan il ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitinde täze, döwrebap şäherçeler gurlup, olarda jaý toýlarydyr bagt toýlary tutuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baş tutanlygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek üçin asyrlara barabar işler alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen «Akylly şäher» diýlip atlandyrylan «Aşgabat-sitiniň» düýbi tutuldy. Şu ýylyň 22-nji iýulynda hem hormatly Prezidentimiz Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Hususan-da,  Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen A.Nyýazow köçesiniň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalarynyň, S.Türkmenbaşy şaýolunyň

ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara fiziologiýa ylmykliniki merkeziniň binalar toplumynyň, A.Nyýazow köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň, şeýle hem paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň hemde «Dokmaçylar» medeni merkeziniň baş meýilnamasy, şekiltaslamasy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen

Aşgabady ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şäheriň binagärlik keşbinde milli binagärli giň hem-de bezegiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi hem bu kitapda mynasyp orun eýeledi.

Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyny ugur edinen eziz Diýarymyzyň ähli pudaklarynda bedew batly ösüşlere eýe bolunýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelge esasynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzyň paýtagty bilen birlikde ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu halk bähbitli özgerişlikler netijesinde diňe bir keseli bejermek däl-de, eýsem, her bir adamyň kesellemezinden öň saglygyny berkitmek üçin hem ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Her bir türkmenistanlynyň saglygyny berkitmek  üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegi we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin hormatly Prezidentimiz şahsy görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistan döwletimizde demokratik ýörelgeleriň barha berk binýady kemala gelýär we türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça taryhy ädimler ädilýär. Döwletimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň

ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler türkmen halkynyň ählumumy goldawyna mynasyp bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek gytaklaýyn esasda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary aç-açanlyk we demokratik ýagdaýda geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna mynasyp adamlar saýlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy bolsa türkmenistanlylaryň buýsanjyny goşalandyran ajaýyp waka boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna agzalyga saýlananlaryň arasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleriniň hem bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmekde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri dabaraly maslahatlary, duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri yzygiderli geçirýärler. Durmuşa geçirilýän halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri üçin her bir geçirilýän çärede Gahryman Arkadagymyzyň ady alkyşlara beslenýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň, halkara derejesinde uly goldawa, eýe bolýan başlangyçlaryň ähmiýetini, giň halk köpçüligine düşündirmegi, halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmagy öz köpugurly işiniň baş maksady hasaplaýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, welaýat, şäher, etrap komitetleri geljekde hem ata Watanymyzyň beýik geljeginiň,

halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerini dowam etdirerler. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli her bir işi rowaçlyklara beslensin!

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

17.08.2021 ý

 

tags: