Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly möhüm taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolup, täze bir döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanan ýyly hökmünde şöhratlandy. Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyndan, her bir öňe sürülýän täze başlangyçlaryň iri halkara guramalar tarapyndan goldanylýandygyndan, şonuň netijesinde Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde dünýäniň dürli halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilýändiginden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli hem-de parasatly syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary bilen, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam aragatnaşykda bolup, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda işjeňlik görkezýär. Gazanylýan üstünlikleriň her biriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymata eýerip, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşatmak ugrunda amala aşyrýan beýik maksatly işleri durýar. Şu bagtyýar zamanada erkana ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç bar.

Türkmen halky asyrlarboýy arzuw edilip ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyzy başynyň täji hasaplaýar. Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, berkararlyk baradaky eden arzuwlarynyň wysaly bolan Garaşsyzlygymyzy mukaddes saýmak, ony gözümiziň göreji dek goramak, halkymyza eçilen mizemez bagtyny dabaralandyrmak her birimiziň borjumyzdyr. Syýasatda gazanan üstünliklerimiziň iň esasysy bolan Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen bagty barmak büküp sanardan kän. Garaşsyzlyk türkmeniň adyny Ýer ýüzüne tanatdy. Garaşsyzlyk türkmeniň beýik halkdygyny, parasatly hem parahatçylyksöýüji halkdygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi. Garaşsyzlyk bize täze bir ajaýyp zamanany bagyşlady. Garaşsyzlygymyza eýe bolmak bilen ykbalymyzda täze bir sahypany açdyk. Bu sahypanyň her setiri altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň asyrlara ýaň saljak ajaýyp hem bagtyýar durmuşynyň beýany hökmünde taryha siňer.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde ähli türkmen halky bu baýramy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýär.

«Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, Türkmenistan bu gün özüniň bagtyýar geljegini gurýan gurply döwlet hasaplanylýar. Gurulýan durmuş we önümçilik ähmiýetli binalaryň her biri halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge niýetlenendir.

Kalbymyzyň egsilmez buýsanjyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzy başymyza täç edinip, päk zähmetimiz bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeltmek, onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp goramak, ýaş nesillerimiziň aňynda Watana bolan söýgini terbiýelemek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhraty barha beýgelip, at-owazasy dünýä ýaň salsyn!

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

10.09.2022 ý

 

 

tags: