Geljegi röwşen diýar

Ykbaly göterilen bagtyýar türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, döredijilikli zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda şeýle bagtyýarlygyň höküm sürýän we päk zähmetiň joş alýan günlerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ulus-ilimiz üçin örän buýsançly wakadyr. Agzalan maksatnamalaryň kabul edilmegi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmagyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar» diýen sözleriniň bu gün durmuş ýüzünde öz beýanyny tapýandygy güneşli Diýarymyzy gurşap alan beýik özgertmelerde, kabul edilýän maksatnamalarda aýdyň ýüze çykýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategik maksatlardan ugur alnyp, kabul edilen täze maksatnamalar ýurdumyzyň sebitlerini has-da ösdürmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri we şäherleri gurmakda hem uly ähmiýete eýedir. Öňde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde berkarar Watanymyzda innowasion häsiýetli iri önümçilik kärhanalary gurlup, ildeşlerimiz üçin döwrebap iş orunlary açylar.

Täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň, milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşmegimiz il agzybirliginden nyşandyr. Bu bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň, ulus-ilimiziň beýik sepgitlere, ähli maksatlaryna ýetmegine giň ýol açýar. Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş eden Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

20.07.2022 ý

 

tags: