Gelse Nowruz äleme...

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen ili ýene bir şanly senäni — Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi garşy alýar. Bu baýram ýurdumyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaň bilen, ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda baharyň gelmegi bilen, Gün özüniň ýagty şöhlesi bilen älem-jahany nurlandyrýar. Ene toprak janlanyp, al-ýaşyl öwsüp başlaýar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda Nowruz baýramynyň toý-dabaralary uludan tutulyp, saçaklar giňden ýazylýar. Gadymy döwürlerde adamlar bu milli baýramy sähra çykyp, supra ýaýyp bellän bolsalar, häzirki döwürde onuň gerimi has hem giňedi. Nowruz milli bahar baýramy hökmünde her bir maşgalada, her bir öýde bellenilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda milli mirasymyza goýulýan sarpanyň örän uludygyny görkezýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Nowruz baýramyny etrabymyzyň çäginde giňden belläp geçýäris. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň düzümindäki ilkinji partiýa guramalarynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän çäreler, dabaraly maslahatlar bilen utgaşykly alnyp barylmagy bolsa, geçirilýän çäreleriň täsirliligini has-da artdyrýar.

Seýitmurat Paýzyllaýew, TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

20.03.2022 ý

 

tags: