Goşa toýuň dabarasy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, oba hojalygynda, şeýle hem daşary syýasatda belent sepgitlere ýetilýär.

Umuman, bu gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýär. Çünki, adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň esasy üns merkezinde bolup durýar.

Türkmenistan Watanymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Bitarap Türkmenistan, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklary, demokratik institutlar we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmekde, olaryň işini utgaşdyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň teklipleri esasynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýa 193 döwletiň ses bermeginde we goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli bitaraplyga esaslanýan syýasaty umumadamzat bähbidinden ugur alýar. Şeýle bolansoň, geçen 26 ýylda türkmen Bitaraplygynyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin bähbidini Ýer ýüzi gördi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde bu şanly senäni “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda ýörite çözgüt kabul edildi. Bu şanly wakalar parahatçylyk söýüjilige, oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara eýerýän daşary syýasatyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyz Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 26 ýyllygynyň toýuny uly dabara bilen bellär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde Türkmenistan her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasaty, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasaty alyp barýan, özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlaryna ygrarly döwlet hökmünde ykrar edildi.

Golaýda etrabymyzyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygyna, şeýle hem TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň etrap komitetiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Bitaraplyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, şol ýetilen sepgitlerde TDP-niň tutýan orny barada giňişleýin belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, başynyň dik bolmagyny, il- -ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Muhammetnazar Täşliýew, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: