GOŇŞULAR

(Hekaýa)

Oglunyň baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze jaýdan paýly bolýandyklary baradaky habaryny eşiden Gurbanmyrat aganyň depesi Gök diredi. Ol bu hoş habary getiren ogluna ýüzlenip:

— Ýurt garşy alsyn, oglum! Rysgally-döwletli jaý bolsun! Halkymyzda «Ýurt alma, goňşy al» diýlen parasatly söz bardyr. Göçüp barjak ýeriňde gowy adamlar bilen goňşy bolmak nesip etsin! Ýan goňşyň gowy bolanda, olam bir döwletlilik hasaplanylýandyr. Ata-babalarymyzyň «Ýan goňşym, jan goňşym», «Goňşy haky — Taňry haky» diýen nakyllara eýermegi ýöne ýerden däldir oglum. Goňşuçylyk gatnaşyklary mukaddes saýylýandyr. Şonuň üçinem, saňa etjek ilkinji sargydym, goňşyň bilen agzybirlikde gatnaşmalysyň. Goňşyň begenjini-gynanjyny deňje paýlaşmak türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgesidir oglum. Şuny mydamalyk ýadyňda saklagyn! — diýdi.

Kakasynyň sargytlaryny ünsli diňläp duran Nurgeldi ähli aýdylanlar bilen ýylgyryp baş atyp ylalaşdy.

Gurbanmyrat aganyň maşgalasy sähetli günde täze jaýa göçüp geldiler. Gurbanmyrat aga ýany bilen getiren bag nahallaryny emaý bilen ulagdan düşürip, bir gyrada goýdy. Maşgala agzalarynyň ählisi diýen ýaly öý goşlaryny ýerleşdirmek bilen başagaýdylar. Gurbanmyrat aga howlynyň içine birlaý aýlanyp, nahallary oturtjak ýerlerini çaklady. Soňam agtyklarynyň kömegi bilen olary oturtmaga başlady. Şol wagtam gapdal goňşusynyň gapysyna ullakan ýük ulagy gelip daýandy. Gurbanmyrat aga ýük ulagy bilen tirkeşip gelen ýeňil ulagdan täze goňşularynyň düşüp ugranyny görüp, pilini bir gyrada goýdy-da, olar bilen salamlaşmak üçin derwezä tarap ugrady. Ýüzüniň ugruna nahallaryň arasyndan üç-dört düýp türkmen arçasyny eline alyp, goňşusynyň gapysyna geldi. Olar getiren goş-golamlaryny düşürmek bilen başagaýdylar.

— Essalawmaleýkim, ýurt garşy alsyn, goňşular!

— Waleýkimessalam, aýdanyňyz gelsin, siziňem täze jaýyňyz gutly bolsun!

Täze goňşular gadyrly görşenlerinden soň, däbe görä, saglyk-amanlyk soraşdylar. Gysgaça tanyşlykdan soň, Gurbanmyrat aga elindäki nahallary maşgalanyň ýaşulusy Hangeldi aga uzatdy:

— Goňşy, ynha, şu nahallar türkmen arçalary. Bu agajyň ösýän ýeriniň howasy-da jana dermandyr. Şonuň üçinem, bularyň iki sanysyny, howlyňdaky sekä golaýrak ýerde oturt, beýlekilerinem girelgäň golaýjagynda ekseň, howlyňa girýän-çykýanlaryň hem arçanyň bölüp çykarýan şypaly howasyndan dem almagyna mümkinçilik dörär.

Hangeldi aga nahallary alyp, goňşusyna hoşallyk bildirdi. Soňam bir gyrada duran bägül nahallaryndan ep-eslisini alyp, Gurbanmyrat aga uzatdy:

— Al, goňşy, bu-da öz ýerli bägüllerimiziň nahallary. Açylan döwri maýyl ediji ýakymly ysy bir menzile ýaýrar durar. Munuň ýapragam, gülem dermandyr. Bägülleriň ynsan saglygyna peýdasy barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-en­siklopedik kitabynda-da giňişleýin belläp geçýär. Onsoňam, «Goňşyň howlusynda gül gögerse begen, ysy seňem howlyňa ýaýrar» diýýändir, türkmen. Al goňşy, bägüller düýp tutup, howlyňyza bezeg bersin!

— Aýdanyň gelsin, goňşy, taňryýalkasyn! Men bulary häziriň özünde ekerin.

Bägül nahallaryny gujagyna alyp, ýöremäge hyýallanan Gurbanmyrat aga birden sägindi-de, goňşusyna ýüzlendi:

— Goňşy, ýerleşip arkaýynlaşanyňyzdan soň, çaýlaşmaga geleweri! Arkaýynlykda, gök çaýyň başynda söhbet ederis. Birek-birek bilen tanşarys, soraşarys. Indi biz biri-birimize garyndaşdanam ýakyn bolýandyrys. Çünki «Uzakdaky garyndaşdan ýakyndaky goňşy» diýen söz bardyr.

— Dogry aýdýaň, goňşy, ata-babalarymyzyň aýdanlarynyň yrýasy ýokdur. Nesip bolsa, goş-golamlarymyzy ýerleşdirip bolanymyzdan soň, arkaýynçylykda gürrüňleşmäge baraýaryn.

Täze goňşusy bilen bolan ilkinji söhbetdeşlikden göwni suw içen Gurbanmyrat aga göwnühoş halda ýylgyryp, öýlerine gaýtdy.

Ilkinji güni ýagşy niýetlerden başlanan goňşuçylyk gatnaşyklary kem-kemden kök urup, barha berkedi. Soňky göçüp gelen goňşularam bularyň ýagşy göreldesine eýerdiler.

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

04.05.2021 ý

 

tags: