GUWANDYRYJY BAŞLANGYÇLAR

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli göwün göteriji dabaralar bilen utgaşan köpçülikleýin bag ekmek dabaralary Köneürgenç şäherinde we etrabyň daýhan birleşiklerinde ýörite taýýarlanan ýerlerde geçirildi. Olara ähli ulgamlara degişli edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler bilen bir hatarda TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Bag ekmek dabaralarynyň çäginde guralan aýdym-sazly çykyşlar sogap işe bagyşlanan çärelere özboluşly baýramçylyk ruhuny çaýdy. Dabaralarda çykyş edenler halkymyzyň baky bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: