HÄZIRKI WE GELJEKKI NESILLERE NUSGA

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen etrabymyzdaky bilim we saglygy goraýyş edaralarynda guran wagyz-nesihat çärelerinde ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyzyň wesýet eden beýik taglymlarynyň häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydygy, çeper döredijilikde hem durmuşda öz beýanyny tapmalydygy bellenildi.

Pederlerimizden miras galan edim-gylymlary öwrenmegiň hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermegiň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedigi baradaky söhbetler has-da täsirli boldy.

Ejegyz Akymmaýewa, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

tags: